Özü­niň dür­dä­ne şy­gyr­la­ry bi­len hal­kyň ara­syn­da uly şöh­rat we meş­hur­lyk ga­za­nan Gün­do­ga­ryň be­ýik akyl­da­ry, umu­ma­dam­zat äh­mi­ýet­li şa­hyr Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy çe­per söz­den mü­di­mi­lik ýal­kym saç­ýan ru­hy dün­ýä­ni mi­ras gal­dy­ryp­dyr. Hä­zir­ki dö­wür­de bu gym­mat­ly­gyň ýal­ky­my dün­ýä halk­la­ry­nyň kal­byn­da orun alyp, türk­me­ni dün­ýä ta­nad­ýar. Şo­nuň üçin üs­tün­den asyr­lar geç­se-de, Mag­tym­gu­ly­nyň ba­ky­lyk su­wy ber­len ýa­ly dür­dä­ne goş­gu­la­ry­ny hal­ky­myz do­ga-tu­mar edip gur­sa­gyn­da gö­ter­ýär.
Türk­men ede­bi­ýa­ty­nyň ta­ry­hyn­da Mag­tym­gu­ly adam­za­dyň kal­by­na ýol aç­ma­gyň, çe­per söz­den duý­gu­lar çe­me­ni­ni dö­ret­me­giň öz­bo­luş­ly mil­li ýo­lu­ny ke­ma­la ge­tir­di. Da­na Mag­tym­gu­ly­nyň şa­hy­ra­na dün­ýä­si köp öwüş­gin­li­dir. Onuň göz­ba­şy­ny ata-ba­ba­la­ry­my­zyň dö­re­den gym­mat­lyk­la­ryn­dan alyp gaýd­ýan şa­hy­ra­na dün­ýä­si örän giň­dir. Şa­hy­ryň um­man ýa­ly paý­ha­sy­nyň, baý ede­bi mi­ra­sy­nyň ag­ram­ly bö­le­gi­ni yn­san­per­wer­lik, dur­mu­şy me­se­le­ler, ah­la­ky we ter­bi­ýe­çi­lik öwüt-ün­dew­ler tut­ýar.
Mag­tym­gu­ly ha­ky­ky wa­tan­çy hök­mün­de ajap eý­ýam ha­kyn­da yzy­gi­der­li pi­kir ýö­re­dip­dir. Öz ýur­du­na, onuň gö­zel te­bi­ga­ty­na, baý­lyk­la­ry­na gu­wa­nyp­dyr. Ol hal­kyň bir ba­şa jem bo­lup, öz­baş­dak döw­let gur­ma­gy­ny is­läp­dir hem-de goş­gu­la­ry­na ar­zuw­la­ry­ny siň­di­rip­dir. Mu­ny şa­hy­ryň:

Hy­dyr ge­zen çöl­de il­ler ýa­ýyl­syn,
Ýurt bi­na­myz ga­ýym bol­sun, go­ýul­syn,
Çil­le mes ner­le­ri­miz bar­ça aýyl­syn,
Bir sup­ra­da eda bol­sun aşy­myz.
***
Py­ra­gy yş­ka ug­raş­dym,
Der­ýa gir­dim möw­je düş­düm,
Hor gal­ma­syn puşt­dan-puş­dum,
Ber­ka­rar döw­let is­lä­rin –

di­ýen bent­le­ri hem tas­syk­la­ýar. Akyl­da­ryň öň­den­gö­rü­ji­lik bi­len aý­dan bu gö­zel ar­zuw­la­ry öz za­ma­na­syn­da ama­la aş­ma­dyk bol­sa-da, Ga­raş­syz­ly­gy­my­zy al­ma­gy­myz bi­len ha­syl bol­dy. Be­ýik akyl­da­ryň be­lent ar­zuw­la­ry yn­san­per­wer­li­giň öç­me­jek nu­ry bo­lup, türk­men ede­bi­ýa­ty­na, türk­men dur­mu­şy­na siň­di. Mu­nuň şeý­le­di­gi­ni türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň ba­şy­ny baş­lan we hor­mat­ly
Pre­zi­den­ti­miz ta­ra­pyn­dan my­na­syp do­wam et­di­ril­ýän be­ýik ösüş­ler, öz­ge­riş­ler do­ly su­but ed­ýär.
Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň ede­bi mi­ra­sy özü­niň ta­ry­hy kök­le­ri­ni ga­dy­my Gün­do­ga­ryň we Gün­ba­ta­ryň akyl­dar­la­ry­nyň paý­ha­syn­dan dö­rän aja­ýyp eser­le­rin­den alyp gaýd­ýar. Şa­hy­ryň dö­re­di­ji­li­gin­de öz döw­rü­niň sy­ýa­sy we yk­dy­sa­dy dur­mu­şy, ada­my gur­şap alan te­bi­gat hem-de jem­gy­ýe­tiň äh­lu­mu­my ösüş ka­nun­la­ry çuň­ňur be­ýa­ny­ny tap­ýar. Mag­tym­gu­ly­nyň di­wa­ny Ang­li­ýa, Tür­ki­ýe, Eý­ran, Ow­ga­nys­tan, Weng­ri­ýa ýa­ly ýurt­la­ra, şeý­le hem Sankt-Pe­ter­burg, Daş­kent, Sa­mar­kant, Ba­ku, Ka­zan, Ufa ýa­ly şä­her­le­re hem ýaý­rap­dyr. Bu bol­sa akyl­da­ryň dün­ýä ede­bi­ýa­tyn­da uly or­nu­nyň bar­dy­gy­ny ýe­ne bir ge­zek tas­syk­la­ýar.
Akyl­da­ryň dö­re­den kä­mil mek­de­bi­ni Se­ýit­na­zar Seý­di, Gur­ban­dur­dy Ze­li­li, Mäm­met­we­li Ke­mi­ne, Mol­la­ne­pes we beý­le­ki şa­hyr­lar has-da ös­dü­rip, türk­men ede­bi­ýa­ty­nyň öç­me­jek par­lak ýyl­dyz­la­ry­na öw­rül­di­ler. Ola­ryň eser­le­ri­niň «ha­myr­ma­ýa­sy» da­na Mag­tym­gu­ly­nyň çe­per dö­re­di­ji­li­gi­niň için­den eriş-ar­gaç bo­lup geç­ýär. Bu dä­bi XX asy­ryň we Ga­raş­syz­lyk ýyl­la­ry­nyň türk­men ede­bi­ýa­ty­nyň ze­hin­li ýa­zy­jy­dyr şa­hyr­la­ry­nyň dö­re­di­ji­li­gin­den hem tap­mak bo­lýar.
Aş­ga­ba­dyň gü­nor­ta­syn­da­ky aja­ýyp kün­jek­le­riň bi­rin­de, 41 gek­tar meý­dan­da gu­rul­ýan me­de­ni-se­ýil­gäh top­lu­myn­da, be­ýik­li­gi 60 met­re ba­ra­bar bo­lan Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň bü­rünç heý­ke­li ne­sil­le­riň be­ýik türk­men şa­hy­ry­nyň we akyl­da­ry­nyň dö­re­di­ji­lik mi­ra­sy­na sar­pa goý­ýan­dy­gy­na aý­dyň şa­ýat­lyk ed­ýär.
Tür­ki me­de­ni­ýe­ti­niň hal­ka­ra gu­ra­ma­sy­nyň (TÜRK­SOÝ) he­mi­şe­lik ge­ňe­şi­niň Tür­ki­ýe Res­pub­li­ka­sy­nyň Bur­sa şä­he­rin­de ge­çi­ri­len mej­li­sin­de Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň 300 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li 2024-nji ýy­ly «Tür­ki dün­ýä­niň be­ýik şa­hy­ry we akyl­da­ry Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy ýy­ly», Türk­me­nis­ta­nyň ga­dy­my Änew şä­he­ri­ni bol­sa 2024-nji ýyl­da «Tür­ki dün­ýä­niň me­de­ni paý­tag­ty» di­ýip yg­lan et­mek ha­kyn­da türk­men ta­ra­py­nyň öňe sü­ren baş­lan­gyç­la­ry­nyň bi­ra­gyz­dan gol­da­nyl­ma­gy ha­kyn­da­ky hoş ha­bar bag­ty­ýar hal­ky­my­zyň buý­san­jy­ny has-da art­dyr­dy, gö­wün gu­şu­ny ga­nat­lan­dyr­dy.
Bu buý­sanç­ly wa­ka bäş müň ýyl­lyk şan­ly ta­ry­hy bo­lan, dün­ýä­de en­çe­me döw­let­le­ri gu­ran hal­ky­my­zyň dün­ýä me­de­ni­ýe­ti­ne uly go­şant go­şan­dy­gy­nyň no­bat­da­ky yk­rar­na­ma­sy­na öw­rül­di.
Mag­tym­gu­ly öz aja­ýyp şy­gyr­la­ry ar­ka­ly yn­san­per­wer bol­ma­gy, ata Wa­ta­ny söý­me­gi, adam mer­te­be­si­ni be­len­de gö­ter­me­gi, uly­ny sy­la­ma­gy, ki­çä hor­mat goý­ma­gy ün­de­ýär. Ol adam­la­ryň he­mi­şe ýag­şy­lyk et­me­gi­ni, ejiz­le­re hos­sar çyk­ma­gy­ny, il-gü­nüň al­ky­şy­ny al­ma­gy­ny is­läp­dir. Şa­hy­ryň gy­zyl­dan gym­mat­ly ede­bi dö­re­di­ji­li­gi her bir adam üçin edep-ter­bi­ýe mek­de­bi­dir. Mu­nuň özi ýaş ne­sil­le­ri­mi­zi edep­li, giň dün­ýä­ga­ra­ýyş­ly edip ýe­tiş­dir­mek­de uly gol­lan­ma­dyr.
Be­ýik söz us­sa­dy, akyl­dar şa­hyr Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň er­kin­lik, öz­baş­dak­lyk, ag­zy­bir­lik ýa­ly hal­kyň asyl­ly ide­ýa­la­ry­ny özün­de jem­le­ýän eser­le­ri hal­ky­my­zyň ru­hu­ny has-da be­len­de gö­ter­ýär.
Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz «Türk­me­niň döw­let­li­lik ýö­rel­ge­si» at­ly ki­ta­byn­da şeý­le bel­le­ýär: «Ru­hy baý­lyk ebe­di ýa­şa­ýar. Mag­tym­gu­ly akyl­da­ryň mi­ra­sy hem şeý­le baý­lyk­dyr. Hal­ky­my­zyň ha­ky­da­syn­da ýa­şa­ýan, zan­dy­na or­nan mi­ras­dyr».
Bu pa­ra­sat­ly söz­ler­den gör­nü­şi ýa­ly, Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy öwüt-ün­de­we ýug­ru­lan öz aja­ýyp dö­re­di­ji­li­gi bi­len öl­mez-ýit­mez ru­hy baý­ly­gy mi­ras goý­dy. Bu ru­hy baý­lyk be­ýik pi­ki­ri özün­de jem­le­ýän gym­mat­lyk­dyr. Şo­nuň üçin hem bu ru­hy baý­lyk hal­kyň di­li­niň se­na­sy­na öw­rül­ýär. Biz mu­ňa aý­dy­ma öw­rü­len goş­gu­lar­dan, na­ky­la öw­rü­len se­tir­ler­den has-da aý­dyň göz ýe­tir­ýä­ris. Şo­nuň üçin hem şa­hy­ryň ga­la­my­n­dan çy­kan, türk­me­niň yk­ba­ly­na ba­gyş­la­nan çuň­ňur ma­ny-maz­mun­ly şy­gyr­la­ry adam­zat ýa­şaý­şy­nyň ru­hy çeş­me­si­ne öw­rül­di. Türk­men di­li­niň söz­lük go­ru­ny us­sat­lyk bi­len ýer­lik­li ula­nan akyl­dar şa­hy­ryň ter­bi­ýe­çi­li­ge, yn­san­per­wer­li­ge, ru­hy gym­mat­lyk­la­ra ýug­ru­lan goş­gu­la­ry­ny dün­ýä­niň en­çe­me döw­let­le­ri­niň oky­jy­la­ry öz dil­le­rin­de oka­ýar­lar. Mu­nuň özi mil­li ede­bi­ýa­ty­my­zyň aja­ýyp­lyk­la­ry­ny dün­ýä ýaý­mak bi­len bir ha­tar­da şa­hy­ryň be­lent was­py­ny ýe­tir­mek bo­lup dur­ýar.
2014-nji ýyl­da Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň baş­lan­gy­jy bi­len Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň dog­lan gü­nü­niň 290 ýyl­ly­gy da­ba­ra­ly bel­le­nip ge­çil­di. Ýur­du­myz­da we da­şa­ry döw­let­ler­de şa­hy­ryň öm­ri we dö­re­di­ji­lik ýo­lu­na ba­gyş­la­nyp köp­ çä­re­le­riň ge­çi­ril­me­gi, eser­le­ri­niň dün­ýä halk­la­ry­nyň en­çe­me­si­niň dil­le­ri­ne ter­ji­me edil­me­gi di­ňe bir ýur­du­my­zyň däl, eý­sem, dün­ýä me­de­ni­ýe­ti­niň buý­san­jy bo­lan be­ýik söz us­sa­dy­my­zyň mi­ra­sy­na gy­zyk­lan­ma­ny art­dyr­dy. Mun­dan baş­ga-da, şa­hy­ryň dog­duk me­ka­nyn­da, onuň ady­ny buý­sanç bi­len gö­ter­ýän et­rap­da Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň ýa­dy­gär­lik­ler top­lu­my­nyň hem-de mu­ze­ýiň açy­lan­dy­gy­ny gu­wanç bi­len bel­le­me­li­di­ris.
Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de ýaş­la­ra şa­hy­ryň dö­re­di­ji­li­gi­ni öw­ret­mek bo­ýun­ça uly iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Bu, esa­san hem, ýaş­la­ry ter­bi­ýe­le­mek, ola­ra mil­li ruh­da bi­lim ber­mek üçin örän äh­mi­ýet­li­dir. Be­ýik söz us­sa­dy­nyň dö­re­di­ji­li­gin­de, onuň gy­zyl­dan gym­mat­ly baý ede­bi mi­ra­syn­da ter­bi­ýe­çi­lik me­se­le­si esa­sy ugur­la­ryň bi­ri bo­lup dur­ýar. Şo­nuň üçin hem ýaş­la­ra şeý­le goş­gu­lar yzy­gi­der­li öw­re­dil­ýär we ola­ryň kal­byn­da wa­tan­sö­ýü­ji­lik, yn­san­per­wer­lik ýa­ly iň oňat hä­si­ýet­ler ter­bi­ýe­len­ýär.
Türk­men hal­ky­nyň akyl­dar şa­hy­ry dil bi­li­min­den, pel­se­pe­den, te­bi­gy ylym­lar­dan oňat baş çy­ka­ryp­dyr. Şa­hy­ryň dö­re­di­ji­li­gi yl­myň dür­li ugur­la­ry­na ara­la­şyp gid­ýär.
Be­ýik şah­sy­ýet­le­riň öňe sü­ren ýö­rel­ge­le­ri, pä­him-paý­has­la­ry hä­zir­ki dö­wür­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­da dur­ma­gyn­da hal­ky­my­zyň ag­zy­bir­li­gi­ni ber­kit­mä­ge, ada­myň ru­hy taý­dan gal­kyn­ma­gy­na hyz­mat edip gel­ýär. Şu hem hal­ky­my­zyň me­de­ni mi­ra­sy­nyň hä­zir­ki ýaş ne­sil­ler üçin äh­mi­ýe­ti­ni kes­git­le­ýär. Şeý­le bi­te­wü­lik bol­sa ös­ýän, öz­ger­ýän ýur­du­myz üçin wa­jyp­dyr.
Sö­zü­mi­zi jem­läp aýt­sak, Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň dö­re­di­ji­li­gi türk­me­niň ru­hy bin­ýa­dy­nyň sars­maz­ly­gy­ny ke­pil­len­dir­ýän gud­rat­dyr. Hut şeý­le ru­hy bin­ýa­dyň gud­ra­ty bi­len hem hal­ky­myz Hy­dyr gö­ren mäh­ri­ban top­ra­gy­ny gö­zü­niň gö­re­ji­ne de­ňe­ýär. Hä­zir­ki dö­wür­de eş­ret­li za­ma­na­nyň hö­zi­ri­ni gö­rüp ýa­şa­ýan hal­ky­my­zyň Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­za, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ze al­kyş­la­ry çäk­siz­dir.
Ýur­du­myz­da we bü­tin dün­ýä­de be­ýik söz us­sa­dy­nyň hor­mat-sar­pa­sy­ny has-da beý­gelt­mek ug­run­da uly iş­le­ri ama­la aşyr­ýan Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň, Ar­ka­dag­ly Ser­da­ry­my­zyň ja­ny sag, öm­ri uzak bol­sun.

Ak­my­rat Re­jep­gu­ly­ýew,
Ýo­lö­ten et­ra­byn­da­ky 44-nji or­ta mek­de­biň mu­gal­ly­my, ylym-bi­lim iş­gär­le­ri­niň Kär­deş­ler ar­ka­la­şy­gy­nyň iş­jeň ag­za­sy.