Oýlaman aýtma, çenemän atma.
Oý – pikir. Oýlamak – pikirlenmek.
Nakylda her bir sözi oýlanyp – pikirlenip aýtmak, ok atylanda hem nyşana dogry çenäp atmak ündelýär. Çünki her bir söz – uly jogapkärçilik. Sözi oýlaman aýtmak ýaramaz netijelere getirip biler. Bu barada başga bir nakylda «Başa bela näden geler? Iki barmak dilden geler» diýilýär.
Eýsem, näme üçin nakylda oýlanyp sözlemek we çenäp atmak ýaly pähimler bilelikde getirilýär? «Halallyk kyssalary» atly kitapda şeýleräk bir rowaýat bar:
«Ir wagtlar türkmen topragynyň üstünden geçip barýan bir kerwen elinde ok-ýaýy bilen aglap oturan ýedi ýaşly oglanjyga duşupdyr. Kerwenbaşy ondan näme üçin aglaýanyny soraýar. Oglanjyk: «Okum nyşana degmedi» diýip jogap berýär. Onda kerwenbaşy: «Onuň üçinem bir aglanarmy?! Täzeden ataý» diýýär. Oglanjyk bolsa: «Men ikinji bir okumy alýançam, garşydaşym garaşmaz» diýip, jogap berýär.»
Rowaýatda hem bellenilişine görä, oky dogry çenäp atmak möhümdir. Edil şonuň ýaly, sözi oýlanyp aýtmak hem zerur. Çünki okuň nyşana degşi ýaly, söz hem kalbyňa täsir edýär. Bu barada «Ýürekden çykan söz ýürege barar» diýilýär. Şonuň üçin ok atylanda dogry çenemeli bolşy ýaly, her bir sözi hem oýlanyp sözlemeli.