Amerikanyň Birleşen Ştatlary 2030-njy ýyla çenli adamy Aýyň üstüne gondurmagy meýilleşdirýär. Bu barada “SpaceX” kompaniýasynyň başlygy Gwinn Şotwell mälim etdi.
“Men biziň 2030-njy ýyla çenli adamy Aýyň üstüne gondurjakdygymyza ynanýaryn” diýip, Şotwell “Time”
neşirine beren interwýusynda aýtdy. Onuň sözlerine görä, Aýda önümçilik infrastrukturasyny döretmäge robotlar gatnaşar.
Ol “Ähtimal, ilki bilen, bizde önümçilik kuwwatlyklaryny döretmäge kömek etjek robotlar bolar, soňra bolsa adamlar ol ýerde ýaşamak üçin giderler” diýip, belledi.