Italiýanyň çempionaty “Serie A”-nyň öňdebaryjy toparlaryndan “Ýuwentusyň” täze tälimçisi belli boldy. Ýeňişsiz 8 oýundan soň Igor Tudory wezipesinden boşadan klubuň täze tälimçisi diýlip Luçano Spalletti bellendi. Turinliler 66 ýaşyndaky italýan hünärmeni bilen möwsümiň ahyryna çenli ylalaşyk gazanyldy.
Soňky gezek Italiýanyň milli ýygyndysy türgenleşdiren tejribeli tälimçi karýerasy boýunça ýurdunyň “Empoli”, “Sampdoriýa”, “Wenesiýa”, “Udineze” (2 gezek), “Ankona”, “Roma” (2 gezek), “Inter” hem-de “Napoli” klublaryna tälimçilik etdi. Ol 2009-2014-nji ýyllar aralygynda bolsa Russiýanyň “Zenit” toparyny türgenleşdiripdi. “Roma” toparynda Italiýanyň Kubogyny (2), Italiýanyň Super Kubogyny, “Zenitde” Russiýanyň çempionlygyny (2), Russiýanyň Kubogyny, Russiýanyň Super Kubogyny gazandy. 2021-2023-nji ýyllar aralygynda “Napoli” toparynda işlän Spalletti kluba 33 ýyldan soň “Serie A”-nyň çempionlygyny gazandyrypdy.
 PDF
 PDF 
		

 
                         