Pähimdar ata-babalarymyz “Saglygym – begligim”, “Sag başym – soltan basym”, “Saglyk – baýlyk ” ýaly gyzyldan gymmatly jümleleri miras goýup gidipdir. Ata-babalarymyzyň bu parasatly sözleri sagdyn durmuşyň eşretli ýaşaýşymyzyň berk binýadydygyny ündeýär. Hakykatdan-da saglyk – bahasyz baýlyk. Biziň her birimiz bu parasatly sözleri özimize ýörelge edinip öz saglygymyzy gorap saklamagymyz, sport bilen yzygiderli meşgullanyp, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermegimiz gerek. Munuň özi her birimiziň bagtyýar durmuşymyzyň özenini düzýär.
Ýurdumyzda sporty we bedenterbiýe hereketlerini ösdürmäge, ildeşlerimiziň sport bilen yzygiderli meşgullanmagy üçin ägirt uly işleri durmuşa geçirilýär. Welaýatlarda, etrapdyr şäherlerde, obalarda sport mekdepleri gurlup ulanmaga berildi. Sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak üçin amatlyklary bolan bu desgalarda ýaşlarmyzyň müňlerçesi öz saýlap alan ugurlarynda sport bilen meşgullanýarlar. Ýurdymyzda köpçülikleýin sporty-bedenterbiýe hereketlerini ösdürmek, wagyz etmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini berk ornaşdyrmakda üstünlikli amala aşyrylýan giň göwrümli işlere bu günki gün dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan uly baha berilýär. Halkara derejesindäki uly sport ýaryşlarynyň biziň ýurdumyzda geçirilmegi muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Bu günki gün sporty ösdürmekde alnyp barylýan işler özüniň guwandyryjy netijelerini berýär. Türkmen ýaşlary halkara ýaryşlarda baýrakly orunlary eýeläp, türkmen baýdagyny belende göterýärler.
“Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda Bütindünýä saglyk güni ýurdumyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, Köneürgenç etrabynda hem giňden bellenilýär. Bütindünýä saglyk güni mynasybetli dürli sport bäsleşikleri, tegelek stoluň başynda söhbetdeşlikler ýokary ruhubelentlikde geçirilýär. Şular ýaly sport çäreleriniň biri hem Köneürgenç etrabynyň 2-nji sport mekdebinde geçirildi. Bu sport çäresini etrap häkimligi, zenanlar guramasy, jemgyýetçilik guramalary, bilim, sport, medeniýet bölümleri bilelikde guradylar. Sport mekdebiniň öňündäki meýdançada etrap medeniýet bölüminiň aýdym-sazly çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Onda etrabymyzyň tanymal aýdymçylary sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurduna öwrülen ýurdumyzda sport ulgamynda ýetilen sepgitleri, bagtyýar döwrümizi, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan rowaç işlerini wasp etdiler. Şeýle hem sportuň stoluň üstünde oýnalýan tennis, şaşka, küşt, düzzüm ýaly sportuň görnüşlerinden ýaryşlar guraldy. Köneürgenç etrabynyň Bitaraplyk şäherçesiniň çäginde welosipedli ýöriş hem guraldy. Ýörişe etrabyň bagtyýar ýaşaýjylarynyň işjeň gatnaşmagy sagdyn-durmuş ýörelgelerine ygrarlydyklaryny açyp görkezdi. “Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda Bütindünýä saglyk gününiň çäreleri aýratyn many-mazmuna eýe bolmagy, ýaşlarmyzyň sporta-sagdynlyga ygrarlydygyny açyp görkezdi.

Mahmut ÝAZOW, Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Köneürgenç etrap birleşmesiniň başlygy.