Sport adam saglygyny berkitmegiň, bedeniň ukybyny ösdürmegiň we ruhy durnuklylygy pugtalandyrmagyň iň täsirli serişdeleriniň biridir. Häzirki döwürde dünýäniň köp ýurtlarynda sport jemgyýetiň sagdyn ösüşiniň möhüm ugruna öwrüldi.
Türkmenistanyň döwlet syýasatynda hem «sagdyn jemgyýet – bagtyýar durmuş» ýörelgesi öňe sürülýär. Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak diňe bir şahsy saglyk üçin däl, eýsem, jemgyýetiň abadançylygyny üpjün etmekde hem möhüm orny eýeleýär.
Sport adamda tertip-düzgüni, jogapkärçiligi, maksada okgunlylygy terbiýeläp, ýaş nesliň aň-düşünjesiniň kämilleşmegine ýardam berýär. Şonuň üçin sport diňe bir bedeniň güýjüni artdyrýan çäre bolman, eýsem, jemgyýetiň ruhy ösüşiniň hem aýrylmaz bölegidir.
Sport bilen yzygiderli meşgullanmak adamyň ähli beden agzalarynyň işini kadalaşdyrýar:
Gan aýlanyş ulgamyny güýçlendirýär, ýüregiň kadaly işlemegine ýardam berýär.
Dem alyş ulgamynyň giňelmegini üpjün edýär, öýkeniň kuwwatyny artdyrýar.
Nerw ulgamyny durnuklaşdyrýar, stres we alada ýagdaýlaryny azaldýar.
Bedeniň ukybyny ýokarlandyryp, immuniteti pugtalandyrýar.
Sport diňe fiziki güýji ösdürmän, ruhy taýdan hem uly täsir edýär. Türgenleşikler we bäsleşikler adamlarda özüne ynamy we üstünlik gazanmaga bolan islegi ösdürýär. Sport bilen meşgullanýan adamlar adatça:
tertipli,
maksatlaýyn,
üstünlik gazanmaga ymtylýan,
toplumlaýyn pikirlenýän,
stres ýagdaýlaryna garşy durnukly bolýarlar.
Toparlaýyn türgenleşikler dost-doganlygy, özara hormaty we hyzmatdaşlygy ösdürýär. Sport çäreleri jemgyýetiň agzalaryny birleşdirýär, jemgyýetde sagdyn ruhy ýagdaý döreýär. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde gurlan sport toplumlary, stadionlar we ýöriteleşdirilen mekdepler halkyň sport bilen meşgullanmagyny höweslendirýär. Ýurdumyzyň türgenleriniň halkara derejesindäki üstünlikleri – döwletimiziň sporta berýän ünsüniň netijesidir.
Sagdyn durmuş – diňe bedeniň däl, eýsem, aňyň, duýgynyň we ruhuň sagdynlygyny hem öz içine alýar. Sport bilen meşgullanmak, dogry iýmitlenmek, arassaçylyk kadalaryna eýermek we ýaramaz endiklerden daşda durmak sagdyn durmuşyň esasy sütünleridir.
Adam diňe sagdyn ýagdaýda zähmet öndürijiligini ýokarlandyryp, jemgyýete peýdaly bolup bilýär. Netijede, sport saglygyň girewi, durmuşda üstünlik gazanmagyň açarydyr. Sport bilen meşgullanmak diňe bedeniň güýjüni artdyrman, eýsem, ruhy we psihologik taýdan hem adamyň ösüşine täsir edýär.
Sport jemgyýetiň birleşdiriji güýji bolup çykyş edip, adamlary dostluga, hyzmatdaşlyga, bäsleşikde arassa göreşe we jebislige çagyrýar.
Rähmet ÇARYÝEW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň harby-meýdan hirurgiýasy kafedrasynyň assistenti.
 PDF
 PDF 
		

 
                         