Şri-Lankada Ministrler Kabinetiniň täze agzalary 20-nji iýulda geçirilen parlament ses berişliginde Ranil Wikramasingheniň ýurduň täze Prezidenti wezipesine saýlanandan soň kasam kabul etdiler. 18 ministr, şol sanda, Premýer-ministr Dineş Gunawardena täze saýlanan Prezident Ranil Wikramasingheniň gatnaşmagynda Ministrler Kabinetiniň täze agzalary hökmünde kasam kabul etdiler.

Dineş Gunawardena Günorta Aziýa ýurdunyň Premýer-ministri hökmünde kasam kabul etdi. Ol mundan öň döwlet dolandyryş, içeri işler, welaýat geňeşleri we ýerli dolandyryş ministri bolup işledi.

Saýlawda gazanan ýeňşinden soň parlamentde eden çykyşynda Ranil Wikramasinghe ähli kanun çykaryjylary Şri-Lankany ykdysady kynçylyklardan çykarmak üçin tagallalaryny birikdirmäge çagyrdy. Ranil Wikramasinghe parlamentde geçirilen ses berişlikde 134 ses gazandy. Ses berişlige 225 deputatyň 223-si gatnaşdy. Şri-Lanka Günorta Aziýanyň bir ýurdy. 1972-nji ýyla çenli bu ýurda Seýlon diýilýärdi. Şri-Lanka sanskrit dilinde “şöhratly, mübärek toprak” diýmegi aňladýar. Ýurduň Hindistan bilen deňiz araçägi bar. 21 milliondan gowrak ilaty bolan bu ýurt 1948-nji ýylda Garaşsyzlygyna eýe bolýar.