4-nji okt­ýabr­da Şwe­si­ýa­nyň paý­tag­ty Stok­golm­da no­bat­da­ky No­bel hep­de­li­gi baş­la­dy. Onuň il­kin­ji gü­nün­de No­be­liň fi­zio­lo­gi­ýa we luk­man­çy­lyk bo­ýun­ça baý­ra­gy­nyň eýe­le­ri mä­lim edil­di. Fi­zio­lo­gi­ýa we luk­man­çy­lyk bo­ýun­ça 2021-nji ýy­lyň No­bel baý­ra­gy ame­ri­kan alym­la­ry De­wid Ju­liu­sa we Ar­dem Pa­ta­put­ýa­na tem­pe­ra­tu­ra­nyň we ba­sy­şyň re­sep­tor­la­ry­ny ýü­ze çy­ka­ran­dyk­la­ry üçin be­ril­di.
5-nji okt­ýabr­da fi­zi­ka bo­ýun­ça No­bel baý­ra­gy ger­ma­ni­ýa­ly Klaus Has­sel­ma­na, ame­ri­ka­ly Su­ku­ro Ma­na­be we ita­li­ýa­ly Jor­jo Pa­ri­ze Ýe­riň ho­wa­sy­ny fi­zi­ki taý­dan nus­ga­lan­dyk­la­ry, üýt­geş­me­le­ri muk­dar taý­dan der­ňän­dik­le­ri we glo­bal ýy­ly­ly­gy yg­ty­bar­ly çak­lan­dyk­la­ry üçin be­ril­di.
6-njy okt­ýabr­da ger­ma­ni­ýa­ly Ben­ja­min List we bri­tan-ame­ri­kan hi­mi­gi De­wid Mak­mil­lan mo­le­kul­ýar konst­ru­ir­le­me – or­ga­no­ka­ta­liz üçin ta­kyk tä­ze gu­ral dö­re­den­li­gi üçin No­be­liň hi­mi­ýa bo­ýun­ça baý­ra­gy bi­len sy­lag­lan­dy­lar. Bu far­ma­sew­tik bar­lag­la­ra uly tä­sir edip, hi­mi­ýa­ny eko­lo­gi­ýa taý­dan aras­sa et­di.
7-nji okt­ýabr­da «me­de­ni­ýet­le­riň we yk­lym­la­ryň ara­syn­da­ky ta­pa­wut­da bos­gun­la­ryň yk­ba­ly ba­ra­da re­him­li dü­şün­je­si üçin” 2021-nji ýy­lyň ede­bi­ýat bo­ýun­ça No­bel baý­ra­gy­na Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­da ýa­şa­ýan as­ly tan­za­ni­ýa­ly ýa­zy­jy Ab­dul­ra­zak Gur­na my­na­syp bol­dy.
8-nji okt­ýabr­da Os­lo­da Pa­ra­hat­çy­lyk baý­ra­gy­nyň eýe­si yg­lan edi­ler. 11-nji okt­ýabr­da bol­sa, 1968-nji ýyl­da Şwe­si­ýa­nyň Döw­let ban­ky ta­ra­pyn­dan dö­re­di­len Alf­red No­be­liň ha­ty­ra­sy­na yk­dy­sa­dy­ýet bo­ýun­ça baý­ra­gyň ýe­ňi­ji­si kes­git­le­ner.
Go­laý­da No­bel baý­ra­gy­nyň gow­şu­ry­lyş da­ba­ra­sy­nyň ko­ro­na­wi­rus pan­de­mi­ýa­sy se­bäp­li bu ýyl hem ge­çi­ril­me­jek­di­gi belli boldy. 10-njy de­kabr­da Alf­red No­be­liň ara­dan çy­kan gü­ni – lau­re­at­lar Şwe­si­ýa ko­ro­ly­nyň elin­den me­dal we dip­lom al­ýar­dy­lar. Em­ma ge­çen ýyl pan­de­mi­ýa se­bäp­li şä­her hä­kim­li­gin­de on­laýn ýaý­lym ar­ka­ly baý­rak eýe­le­ri bi­len du­şu­şyk gu­ra­mak ka­ra­ry­na gel­nip, onuň bar­şyn­da dip­lom­lar we me­dal­lar gow­şu­ryl­dy. Şu ýy­lyň de­kab­ryn­da bu baý­ra­ga my­na­syp bo­lan­lar öz ýurt­la­ryn­da baý­rak­la­ry alar­lar. Her ugur bo­ýun­ça No­bel baý­ra­gy­nyň pul dü­zü­mi­niň muk­da­ry 10 mil­li­on kron bo­lar. 4-11-nji okt­ýabr ara­ly­gyn­da baý­rak eýe­le­ri­niň ady mä­lim edi­lip, me­dal­lar we dip­lom­lar 10-njy de­kabr­da on­laýn ýag­daý­da ber­ler. No­bel hep­de­li­gi­niň çä­re­le­ri – lek­si­ýa­lar, kon­sert­ler we se­mi­nar­lar on­laýn gör­nüş­de ge­çi­ri­ler.