Köp adam iş sebäpli köp wagtyny stoluň başynda geçirmeli bolýar. Käbir adam bolsa, uzak wagtlap kompýuterde işlemeli bolýar. Şeýle ýagdaýda şol bir hereket yzygiderli gaýtalanýar. Bilermenleriň maslahatyna görä, stoluň başynda oturylanda, bedeni dik, tirsek çala egilen, goşar göni saklanmaly. Wagtal-wagtal ýeriňden turup, gezim etmeli, ýeňil maşk hereketlerini ýerine ýetirmeli. Bu maşkyň dowamlylygy 1-5 minut arasynda bolmaly. Maşk edilende bedene agram salman, derlemezlige hem üns berilmeli. Derländen soňra serginledijili otagda oturmak saglyk bilen bagly nähoşluklaryň döremegine getirip biler. Bu ýeňil hereketler adamy derletmeýär, emma gan aýlanyşyny çaltlandyryp, oňugranyň saglygy üçin peýdaly hasaplanýar. Şeýle hem zehiniňi hem açýar.
Oturan ýeriňde hem boýnuňy öňe egmek, eginiňi gezekli-gezegine iki gapdala öwürmek, iki eliňi ters birleşdirip ýokary galdyrmak ýaly hereket edip bolýar.
Stoluň başynda yzygiderli işlemeli bolýanlar işden soňra 15-20 minut ýörese hem peýdaly bolar. Munuň üçin ýokarky gatda ýaşaýan bolsaňyz, liftde däl-de, basgançakdan çykmak, düşmeli duralgaňyzdan has öň düşüp, öýe ýöräp gitmek ýaly endikleri edinse bolar.
Şirin Atamyradowa, Türkmenabat lukmançylyk orta okuw mekdebiniň mugallymy.