Şu gün Russiýanyň çempionaty “Premýer Liganyň” 34-nji möwsümine badalga berler. Täze möwsümiň ilkinji duşuşygy Moskwanyň “Dinamo” topary bilen Kaliningradyň “Baltika” toparynyň arasyndaky oýun bolar.

Tälimçileriň 9-sy ýerli hünärmenler

Täze möwsüme 5 topar täze tälimçi bilen başlaýar. Şolaryň iň esasy 2-si Moskwanyň klublary bolup, SSKA Marko Nikoliçi ugradyp, ornuna şweýsariýaly Fabio Çelestinini wezipä belledi. Paýtagtyň “Dinamosy” bolsa Russiýanyň milli ýygyndysynyň hem tälimçisi bolan Waleriý Karpini toparyň tälimçisi edip goýdy. Çempionatdaky 16 klubuň 9-syna ýerli hünärmenler tälim berse, galan 7-si legioner tälimçiler bolar. Ispaniýadan 2, Serbiýadyr Şweýsariýadan, Bosniýadan, Belarusdan hem-de Täjigistan 1 tälimçi toparlary türgenleşdirer.

Esasy faworit “Zenit”

Çempionatda geçen möwsüm täze çempion peýda bolupdy. Soňky ýyllardaky şowly ýörişiniň üstüni çempionlyk bilen ýetiren “Krasnodar” taryhy başarnyk görkezipdi. 17 ýyllyk taryhynda ilkinji çempionlygyny gazanan klub RPL-de çempion bolan 7-nji topar hökmünde hasaba alnypdy. Şu möwsümde “Krasnodara” çempionlygyny goramak ýeňil düşmese gerek. Sebäbi täze möwsümde 100 ýyllyk ýubileý ýylynda çempionlygy “Krasnodara” aldyran “Zenit” altyn medalyň iň esasy dalaşgäri hasaplanýar. Şeýle-de, “Krasnodar”, Moskwanyň “Spartak”, SSKA, “Dinamo” klublary-da çempionlygyň beýleki dalaşgärleri diýlip bellenilýär.

“Himki” topary ýapyldy

Çempionatyň täze toparlary “Baltika” bilen “Soçi” toparlary bolup, geçen möwsümde iň soňky orny eýelän Fakel topary aşaky ligada oýnar. Şeýle-de, “Himki” çempionaty 12-nji orunda tamamlasa-da, ýokary ligada çykyş etmek üçin maliýe babatda ýetmezçilik sebäpli toparyň ýolbaşçylary tarapyndan klub ýatyryldy.

Transferlere seredenimizde, Zenit” topary Braziliýanyň “Flamengo” klubundan ýyldyz oýunçy Žersony düzümine goşdy. Şol sanda “Krasnodar” hem Žubal, Furtado, Augusto ýaly Ýewropada tejribesi bolan braziliýaly oýunçylar bilen düzümini güýçlendirdi.

Ilkinji 10 tapgyrda esasy duşuşyklar

Çempion “Krasnodar” möwsüme Nižniý Nowgorodda “Pari” topary bilen, “Zenit” öz meýdançasynda “Rostow” duşuşygy bilen badalga berer. 2-nji tapgyrdaky “Krasnodar” – “Lokomotiw”, 3-nji tapgyrdaky “Zenit” – SSKA, “Krasnodar” – “Dinamo”, 4-nji tapgyrdaky “Lokomotiw” – “Spartak”, 5-nji tapgyrdaky “Spartak” – “Zenit”, 7-nji tapgyrdaky SSKA – “Krasnodar”, 8-nji tapgyrdaky “Dinamo” – “Spartak”, 9-njy tapgyrdaky “Krasnodar” – “Zenit” duşuşyklaryny çempionatyň muşdaklarynyň eýýämden sabyrsyzlyk bilen garaşýan oýunlary hökmünde görkezmek bolar.  30 aýlawdan ybarat bolan çempionat geljek ýylyň maý aýynda tamamlanar. Çempionatda dekabryň ilkinji hepdesinde geljek ýylyň mart aýyna çenli arakesme yglan ediler.

 

KLUBLAR ŞÄHERI STADIONY – TOMAŞAÇY TÄLIMÇISI
Krasnodar Krasnodar “Ozon Arena” – 35 179 Murad Musaýew
Zenit Sankt-Peterburg “Gazprom Arena” – 60 228 Sergeý Semak
SSKA Moskwa “WEB-Arena” – 30 114 Fabio Çelestini (Şweýsariýa)
Spartak Moskwa “Lukoil Arena” –  44 929 Deýan Stankowiç (Serbiýa)
Dinamo Moskwa “WTB-Arena” – 25 716 Waleriý Karpin
Lokomotiw Moskwa “RŽD-Arena” – 27 032 Mihail Galaktionow
Rubin Kazan “Ak Bars Arena” – 42 398 Raşid Rahimow (Täjigistan)
Rostow Rostow “Rostow Arena” – 43 472 Honatan Alba (Ispaniýa)
Akron Tolýatti “Kristall” (Žigulýowsk) – 1565 Zaur Tedeýew
Krylýa Sowetow Samara “Solidarnost Arena” – 42 347 Magomed Adiýew
Dinamo Mahaçkala “Anži-Arena” – 24 859 Hasanbi Bijiýew
Pari NN Nižniý-Nowgorod “Nižniý Nowgorod” – 44 242 Alekseý Şpilewskiý (Belarus)
Ahmat Groznyý “Ahmat-Arena” – 30 597 Aleksandr Storožuk
Orenburg Orenburg “Gazowik” – 10 046 Wladimir Slişkowiç (Bosniýa)
Baltika Kaliningrad “Rosteh Arena” – 35 016 Andreý Talalaýew
Soçi Soçi “Fişt” – 45 994 Roberto Moreno (Ispaniýa)