18-19-njy sentýabrda Awazada Türkmenistanyň maýa goýum forumy (TIF 2025) geçirilýär. 17-nji sentýabrda Aşgabatda ýokary derejeli ikitaraplaýyn (B2G) gepleşikleri hem öz içine alýan forumyň öňüsyrasyndaky çäreler geçirildi. Forumyň esasy sessiýalary 18-19-njy sentýabrda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçiriler.
Foruma wekiliýetleriň 800-den gowrak agzasynyň gatnaşjakdygy bellenildi. Olaryň arasynda ýokary derejeli ministrler, köpmilletli korporasiýalaryň ýolbaşçylary, maýa goýum banklarynyň ýolbaşçylary we tejribeli ylmy-gözlegçiler bar.
Awazadaky sessiýalarda 90-dan gowrak halkara bilermen tarapyndan çykyşlar diňlener. Ara alyp maslahatlaşmalar Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumy, gurluşyk we senagat, ulag we logistika, howa şertlerine çydamly oba hojalygy, sanly we “ýaşyl” özgertmeler ýaly esasy pudaklarynda strategik maýa goýum mümkinçiliklerine gönükdiriler. Goşmaça sessiýalarda täze söwda bazarlaryna çykmak, döwlet-hususy hyzmatdaşlygy, howanyň üýtgemegi we ýurduň ykdysadyýetini diwersifikasiýa etmek boýunça strategik ugurlara garalar. Çäre 50 resmi hemaýatçy we hyzmatdaş tarapyndan goldanýar. Bu bolsa foruma bolan halkara derejedäki uly gyzyklanmany görkezýär.
Türkmenistanyň maýa goýum forumy Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi we Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan guralýar. “Türkmen Kongres” ýardamçy guramaçy hökmünde çykyş edýär.
Forum barada has giňişleýin maglumat üçin tif-turkmenistan.com saýtyndan okap bilersiňiz.