Niderlandlaryň çempionaty “Eredivisie”-de çempion wagtyndan öň belli boldy. 29-njy tapgyryň çäginde PSW topary öz meýdançasynda “Utreht” toparyny kynlyk bilen 4-3 hasabynda ýeňdi. Çekeleşikli geçen oýunda myhmançylykda “Utreht” topary duşuşygyň başlarynda Stepanowyň (3) hem-de Zehieliň (13) gollary esasynda 2-0 öňe saýlandy. Ýöne eýndhowenliler Saýbariniň (21, 48) gollary bilen hasaby deňledi. 52-nji minutda Til PSW-ni öňe çykarsa-da, 82-nji minutda Karlsson hasaby deňledi. 90+4-nji minutda bolsa Drioş 4-nji goly myhmanlaryň derwezesinden geçirdi we PSW 4-3 hasabynda ýeňşini baýram etdi.

Bu ýeňişden soň 29 oýunda utugyny 71-e ýetiren PSW-niň çempionlygy üçin 1 utuk ýa-da 2-nji ýerdäki “Feýenoordyň” utuk ýitirmegi gerekdi. Ýekşenbe gününde oýnalan “Wolendam” – “Feýenoord” duşuşygy golsuz tamamlandy we PSW topary wagtyndan öň çempionlygyny yglan etdi.

Yzly-yzyna 2-nji gezek çempionlygyny goran PSW topary bassyr 3-nji, umumylykda-da 27-nji çempionlygyny gazandy. PSW topary bu ugurda 36 çempionlygy bolan “Aýaksdan” soň 2-nji orunda barýar. 3-nji ýerdäki “Feýenoordyň” 16 çempionlygy bar.

PSW topary şu möwsümde Ýewropada çempionlygyny yglan eden 2-nji topar bolup, ondan öň mart aýynyň başlarynda Uelsiň “Nýu-Seýnts” topary bassyr 5-nji çempionlygyny gazanypdy. Şeýle-de, PSW topary indiki möwsümde Çempionlar Ligasynyň liga tapgyryna adyny ýazdyran 3-nji topar boldy. Ondan öň “Barselona” bilen “Bawariýa” gönümel gatnaşjak toparlaryň ilkinjileri bolupdy.