Saud Arabystanynyň çempionatynyň ýeňlişsiz lideri “Al-Nassr” toparynyň portugaliýaly super ýyldyzy Kristiano Ronaldo 2025-nji ýyly 41 gol bilen tamamlady. Onuň umumylykda geçiren gollarynyň sany 957-ä ýetip, ol kem-kemden 1000 gol maksadyna golaýlap barýar. Ol karýerasynda kalendar senenamasy boýunça 1 ýylyň dowamynda 14-nji gezek 40 we 40-dan köp gol geçirdi. Ýöne şol bir wagtyň özünde super ýyldyz 16 ýyldan soň bir kalendar senenamasyny het-triksiz tamamlady. Ýagny ol soňky gezek 2009-njy ýylda ýeke gezek hem het-trik edip bilmändi.
Ýeri gelende, türkmen futbol janköýerleri-de AFK Çempionlar Ligasy 2 ýaryşynyň 1/8 finalynda “Arkadag” topary bilen duşuşjak “Al-Nassr” toparynyň düzüminde 41 ýaşyna golaýlap barýan super ýyldyzyň ýurdumyza gelmegine sabyrsyzlyk bilen garaşýar. 1-nji duşuşyk 11-nji fewralda geçiriler.
PDF









