«Alphabet» konglomeratynyň sürüjisiz ulag hyzmatyny hödürleýän «Waymo» kompaniýasy hyzmat ediş çägini giňeldýär. Kompaniýa Detroýtda, Las-Wegasda we San-Diegoda robotaksi hyzmatyny ýola goýar. Kompaniýanyň ýolbaşçysy Tekedra Mawakana geljek ýylyň ahyryna çenli hepdelik 1 million ýolagça hyzmat etmegi maksat edinýändiklerini mälim etdi. Şu ýylyň aprelinde kompaniýanyň taksileriniň bir hepdede gatnadýan ýolagçy sany 250 müňden geçipdi. Şondan bäri kompaniýanyň müşderileriniň sany barha artýar.
«Waymo», ilki bilen, Foniks şäherinde täjirçilik maksatly sürüjisiz ulag hyzmatyny ýola goýupdy.
Ajap AKYÝEWA,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.
PDF









