Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ta­gal­la­la­ry bi­len ýur­du­myz­da eko­lo­gi­ýa aba­dan­çy­ly­gy­ny go­rap sak­la­mak, suw gor­la­ry­myz­dan aýaw­ly peý­da­lan­mak ba­bat­da uly iş­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Ata-ba­ba­la­ry­my­zyň su­wy mu­kad­des ha­sap­lap, be­re­ke­diň sa­ka­sy hök­mün­de gör­mek­le­ri ýö­ne ýer­den däl­dir. Soň­ky ýyl­lar­da su­wy aýaw­ly sak­la­mak, tyg­şyt­ly peý­da­lan­mak tu­tuş dün­ýä­de giň möç­ber­li me­se­le­le­riň bi­ri­ne öw­rül­di.
Hä­zir­ki wagt­da ÝU­NES­KO-nyň Bü­tin­dün­ýä Me­teo­ro­lo­gik gu­ra­ma­sy ta­ra­pyn­dan ge­çi­ri­len bar­lag­la­ra gö­rä, Ýer şa­ry­nyň suw gorunyň, tak­my­nan, 97,5 gö­te­ri­mi duz­ly, 2,5 gö­te­ri­mi bol­sa süý­ji suw ha­sap edil­ýär. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, dün­ýä ýurt­la­ryn­da gel­jek­de ila­tyň suw üp­jün­çi­li­gi­niň ka­da­ly bol­ma­gy üçin te­bi­gy suw baý­lyk­la­ry­ny örän tyg­şyt­ly peý­da­lan­ma­gyň öň­de­ba­ry­jy usul­la­ry iş­le­ni­lip taý­ýar­la­nyl­ýar. Su­wy gaý­ta­dan peý­da­lan­mak we suw baý­lyk­la­ry­ny ne­ti­je­li ulan­ma­gy ýo­la goý­mak mak­sa­dy bi­len ge­çi­ril­ýän iş­le­riň möç­be­ri bar­ha art­ýar. Bu çä­re­le­riň äh­li­si bi­len bir ha­tar­da, suw baý­lyk­la­ry­ny tyg­şyt­ly peý­da­lan­mak, ola­ry ha­pa­lan­mak­dan go­rap sak­la­mak adam­za­dyň baş we­zi­pe­si­ne öw­rül­di.
Hä­zir­ki dö­wür­de de­ňiz­le­riň we der­ýa­la­ryň su­wu­ny süý­je­dip, agyz su­wy we halk ho­ja­ly­gy­nyň dür­li pu­dak­la­ry üçin peý­da­lan­mak giň ge­ri­me eýe bol­dy. Bu ugur­da döw­re­bap teh­no­lo­gi­ýa­lar oý­la­nyp ta­pyl­dy. Soň­ky ýyl­la­ryň do­wa­myn­da ýur­du­my­zyň we­la­ýat­la­ryn­da, et­rap­la­ryn­da, şä­her­le­rin­de, beý­le­ki ilat­ly zo­lak­la­ryn­da suw süý­je­di­ji des­ga­la­ryň on­lar­ça­sy gur­lup, ula­nyl­ma­ga be­ril­di. Mu­nuň özi hormatly Prezidentimiziň hal­ky­myz ba­ra­da ed­ýän ala­da­sy­nyň aý­dyň my­sa­ly­dyr. Şeý­le-de ýur­du­my­zyň Dur­nuk­ly ösü­şiň mak­sat­la­ry­na ýet­mek ug­run­da alyp bar­ýan iş­le­ri­niň bir bö­le­gi­dir.
Türk­me­nis­ta­nyň suw bi­len bag­la­ny­şyk­ly me­se­le­le­ri çöz­mek bo­ýun­ça stra­te­gi­ýa­ny yzy­gi­der­li dur­mu­şa ge­çir­ýän­di­gi­ni we ýur­du­my­zyň hal­ka­ra bi­le­le­şi­giň dün­ýä äh­mi­ýet­li we­zi­pe­le­riň çöz­gü­di­ne gö­nük­di­ri­len ta­gal­la­la­ry­na my­na­syp go­şant goş­ýan­dy­gy­ny bel­le­mek ge­rek. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň suw dip­lo­ma­ti­ýa­sy äh­mi­ýet­li dur­muş ul­ga­myn­da di­ňe bir uzak möh­let­le­ýin hyz­mat­daş­ly­gyň ös­dü­ril­me­gi­ni däl, eý­sem, mil­li, öň­de­ba­ry­jy iş tej­ri­be­le­ri­niň iş­le­nip taý­ýar­la­nyl­ma­gy­ny hem ugur edin­ýär. Bu ýö­rel­gä­niň tu­tuş adam­zat üçin bähbitli­di­gi şüb­he­siz­dir.
Ýe­ter­lik suw gor­la­ry­nyň dö­re­dil­me­gi Ga­ra­gum säh­ra­syn­da «Al­tyn asyr» Türk­men kö­lü­ni gur­mak bo­ýun­ça ýur­du­myz­da ama­la aşy­ryl­ýan de­ňi-ta­ýy bol­ma­dyk tas­la­ma­nyň mö­hüm mak­sat­la­ry­nyň bi­ri­dir. Bu köl daş­ky gur­şa­wa oňyn tä­si­ri­ni ýe­tir­ýär we säh­ra­nyň bio­dür­lü­li­gi­niň art­ma­gy­na, kö­lüň çäk­le­rin­de dür­li gör­nüş­li ba­lyk­la­ryň kö­pel­me­gi­ne, aka­ba­la­ryň ke­nar­la­ryn­da to­kaý­lyk­la­ryň dö­re­me­gi­ne, kün­je­giň haý­wa­nat dün­ýä­si­niň baý­laş­ma­gy­na hem-de guş­la­ryň sa­ny­nyň art­ma­gy­na ýar­dam ed­ýär. Şeý­le-de kö­lüň aka­ba­la­ry Ga­ra­gum säh­ra­sy­nyň ho­wa­sy­nyň ýa­kym­ly­lyk de­re­je­si­ne oňyn tä­si­ri­ni ýe­tir­ýär.
Ýur­du­myz­da suw se­riş­de­le­rin­den, ser­he­tüs­ti suw­dan re­je­li peý­da­lan­mak me­se­le­le­ri bo­ýun­ça oňyn hyz­mat­daş­lyk ös­dü­ril­ýär, bu ul­gam­da mö­hüm baş­lan­gyç­lar öňe sür­lüp, hal­ka­ra hu­kuk ka­da­la­ry­nyň ber­jaý edil­me­gi­ne hem-de se­bi­tiň äh­li döw­let­le­ri­niň bäh­bit­le­ri­niň do­ly ha­sa­ba alyn­ma­gy­na uly üns be­ril­ýär. Di­ýa­ry­my­zyň dag etek­le­rin­dä­ki se­bit­le­rin­de sil suw­la­ry­ny ýyg­na­mak üçin ni­ýet­le­nen ki­çi suw how­dan­la­ry­na hem uly üns be­ril­ýär. Mu­nuň özi sil suw akym­la­ry­nyň ýe­tir­ýän zy­ýa­ny­nyň öňü­ni al­ma­ga, ola­ryň eme­le gel­me­gi­ni öňün­den duý­dur­ma­ga, top­la­nan suw se­riş­de­le­ri­ni ila­tyň ho­ja­lyk ze­rur­lyk­la­ry, ekin meý­dan­la­ry­ny su­war­mak, üzüm­çi­li­gi ös­dür­mek hem-de agaç na­hal­la­ry­nyň zo­lak­la­ry­ny dö­ret­mek üçin peý­da­lan­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär.

Gurbansoltan HALMYRADOWA,
Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.