Antarktikada deňziň düýbündäki jandarlary anyklamak üçin emeli aňdan peýdalanylyp başlandy. Bu usul ekoulgamlaryň goralmagy üçin has netijeli bolar. Angliýanyň Antarktika barlaglary instituty (BAS) deňziň düýbündäki jandarlary birnäçe sekundyň dowamynda anyklaýan emeli aň tehnologiýasy bilen işleýän ulgam döretdi. BAS tarapyndan ýaýradylan beýanatda häzirki wagtda suwasty jandarlary anyklamak üçin alymlaryň şol ýere degişli suratlary we wideoşekilleri uzak wagtlap seljerýändiklerini, emma täze usulda emeli aň tehnologiýasynyň birnäçe sekuntda anyklaýandygy bellenilýär. Bu ulgam Antarktikada ylmy barlaglary alyp barýan gämilerde hem ulanylyp bilner. Beýanatda Antarktikanyň töweregini gurşap alýan Günorta ummanynda deňiz jandarlarynyň köp sanlysynyň başga ýerlerde gabat gelmeýändigi mälim edildi.
Amangözel SATYMOWA,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň diller kafedrasynyň mugallymy.
 PDF
 PDF 
		

 
                         