2-nji sentýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň Bäherden etrabyndaky «Arçman» şypahanasynda boldy. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde dynç alýanlar we saglygyny berkidýänler üçin döredilen şertler bilen gyzyklandy. Şeýle-de, bu ýerde gurulmagy meýilleşdirilýän we durky täzelenýän binalaryň taslamalary, şypahananyň bejeriş düzümini kämilleşdirmegiň mümkinçilikleri bilen tanyşdy.

Her bir ra­ýa­tyň sag­ly­gy­ny go­ra­mak we pug­ta­lan­dyr­mak, jem­gy­ýe­ti­miz­de sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ni giň­den or­naş­dyr­mak ug­run­da ýur­du­myz­da kö­pu­gur­ly iş­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Şy­pa­ha­na ul­ga­my ýur­du­my­zyň sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my­nyň mö­hüm bö­le­gi­ne öw­rü­lip, ýur­du­my­zyň we­la­ýat­la­ryn­da­ky döw­re­bap şy­pa­ha­na­lar­da ke­sel­le­riň öňü­ni al­ma­gyň we be­jer­me­giň dä­be öwrü­len usul­la­ry, şeý­le hem ýo­ka­ry ne­ti­je­li­li­gi­ni su­but eden in­no­wa­si­on luk­man­çy­lyk teh­no­lo­gi­ýa­la­ry tä­sin te­bi­gy we ho­wa şertle­ri bi­len ut­gaş­dy­ryl­ýar. Döw­le­tiň we jem­gy­ýe­tiň baş baý­ly­gy ha­sap­la­nyl­ýan adam ha­kyn­da ala­da döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň baş­lan­gy­jy bi­len ama­la aşy­ryl­ýan äh­li öz­gert­me­le­riň, giň ge­rim­li mak­sat­na­ma­la­ryň we tas­la­ma­la­ryň esa­sy­ny düz­ýär. Şo­nuň üçin ýur­du­myz­da, esa­san hem, sag­ly­gy go­ra­ýyş we sport ul­gam­la­ryn­da döw­re­bap des­ga­la­ryň gur­lu­şy­gy­na uly orun be­ril­ýär. Türkmen hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri­niň asyl­ly baş­lan­gyç­la­ry­nyň hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ta­ra­pyn­dan my­na­syp do­wam et­di­ril­me­gi ne­ti­jesin­de dynç al­jak ra­ýat­la­ra ýur­du­my­zyň dür­li kün­je­gin­de sag­ly­gy­ny ber­kit­mek üçin äh­li müm­kin­çi­lik­ler dö­re­di­len. Ýur­du­my­zyň äh­li ýer­le­rin­de hä­zir­ki za­man teh­no­lo­gik en­jam­la­ry bi­len üp­jün edi­len sag­lyk öý­le­ri, has­sa­ha­na­lar, şy­pa­ha­na­lar, ça­ga­lar sa­gal­dyş we dynç alyş mer­kez­le­ri gu­rul­ýar. Bu dö­re­di­len şert­ler gel­jek nes­liň sag­dyn ös­me­gi­ne we ke­ma­la gel­me­gi­ne, sag­ly­gy­ny go­rap sak­la­ma­ga, wag­ty­ny peý­da­ly we şa­dy­ýan ge­çir­mä­ge giň müm­kin­çi­lik­ler dö­red­ýär.
Bil­şi­miz ýa­ly, ýur­du­myz­da hal­ky­my­zyň sag­ly­gy­ny di­kelt­mek­de şy­pa­ha­na­lar sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my­nyň mö­hüm pu­dak­la­ry­nyň bi­ri bo­lup hyz­mat ed­ýär. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň şy­pa­ha­na ul­ga­my­nyň ösü­şi­ne ba­gyş­la­nan «Türk­me­nis­tan – mel­hem­ler me­ka­ny» at­ly ki­ta­byn­da eziz Di­ýa­ry­my­zyň hal­ka­ra de­re­je­li şy­pa­ha­na­lar mer­ke­zi hök­mün­dä­ki ägirt uly müm­kin­çi­lik­le­ri we gel­jek­ki ugur­la­ry be­ýan edil­ýär. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň bu ki­ta­byn­da mi­ne­ral suw­la­ryň, be­je­riş hä­si­ýet­li pal­çyk­la­ryň, ho­wa­nyň, şy­pa­ha­na be­je­ri­şi­niň dür­li ugur­la­ry­nyň adam be­de­ni­ne tä­si­ri, şeý­le hem on­da ýur­du­my­zyň şy­pa­ha­na­la­ry, we­la­ýat­la­ryň te­bi­gy aý­ra­tyn­lyk­la­ry, go­rag­ha­na­lar we ägirt uly be­je­riş uky­by bo­lan dür­li se­riş­de­ler ba­ra­da gi­ňiş­le­ýin mag­lu­mat­lar be­ril­ýär. Mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň dür­li pu­dak­la­ryn­da zäh­met çek­ýän bag­ty­ýar ra­ýat­la­ry­myz zäh­met rug­sa­dy döw­rün­de, hor­mat­ly dynç alyş­da­ky ýa­şu­ly ne­sil­le­riň gö­wün is­le­gi­ne gö­rä, ýy­lyň tu­tuş do­wa­myn­da dynç al­ma­ga we sag­ly­gy­ny di­kelt­mä­ge äh­li müm­kin­çi­lik bar. Eziz Di­ýa­ry­my­zyň aja­ýyp kün­jek­le­rin­dä­ki, be­je­riş mi­ne­ral suw­la­ry bo­lan çeş­me­le­riň ýa­nyn­da­ky şy­pa­ha­na­lar­da dynç al­ma­ga we sag­ly­gy­ny di­kelt­mä­ge is­leg bil­dir­ýän­ler bar­ha kö­pel­ýär. Şy­pa­ha­na­lar­da be­jer­gi­niň we hyz­mat­la­ryň ýo­ka­ry de­re­je­si şy­pa­ha­na­la­ryň he­mi­şe köp adam­ly bol­ma­gy­na şert dö­red­ýär. Türk­me­nis­tan­da dö­re­dil­ýän düý­bün­den tä­ze sa­na­to­ri­ýa-şy­pa­ha­na be­je­riş we sa­gal­dyş ul­ga­my ila­tyň sag­ly­gy­ny ne­ti­je­li ber­kit­me­giň umu­my dü­zü­mi­niň bir bö­le­gi bo­lup, ýur­du­my­zyň we da­şa­ry döw­let­le­riň tej­ri­be­sin­den iň go­wu­la­ry­ny öz içi­ne al­ýar. Türk­men şy­pa­ha­na­la­ry be­je­riş we sa­gal­dyş iş­le­ri­ni gu­ra­mak nuk­daý­na­za­ryn­dan bu gün dün­ýä de­re­je­si­ne çyk­ýar, şol san­da luk­man­çy­lyk hyz­mat­la­ry­nyň, ýur­du­my­zyň mel­hem­lik se­riş­de­le­ri­niň eks­port gym­ma­ty­ny art­dyr­ýar. Türk­men top­ra­gy gud­rat­ly ýer­le­re, şy­pa­ly köl­le­re, mel­hem­li me­kan­la­ra baý ül­ke. Şol ül­ke­le­riň bi­ri hem hä­zir­ki wagt­da ýur­du­my­zyň ady bel­li şy­pa­ha­na­la­ry özü­niň te­bi­gy aý­ra­tyn­lyk­la­ry bi­len da­şa­ry ýurt­lu­la­ryň ara­syn­da hem uly meş­hur­ly­ga eýe­dir. Bi­ziň türk­men top­ra­gy­myz şy­pa­ly köl­le­re, mel­hem me­kan­la­ra baý ýurt­dur. Özü­niň te­bi­gy aý­ra­tyn­ly­gy bi­len dür­li dert­le­re mel­hem bo­lup bil­ýän şy­pa­ha­na­la­ryň bi­ri bo­lan Ahal we­la­ýa­ty­nyň Bä­her­den et­ra­by­nyň çä­gin­de, go­ja­man Kö­pet­da­gyň «De­gir­men­dag» di­ýen ýe­ri­niň ete­gin­de de­ňiz de­re­je­sin­den 157 metr be­lent­lik­de ýer­le­şen, özü­niň mel­hem­lik su­wy bi­len ta­nal­ýan «Arç­man» şy­pa­ha­na­sy­dyr. Türk­me­nis­ta­nyň çäk­le­rin­den alys­lar­da hem ta­nal­ýan «Arç­man» şy­pa­ha­na­sy Kö­pet­da­gyň gö­zel kün­je­gin­de ýer­le­şip, ja­na şy­pa­ly su­wy bi­len köp wagt­dan bä­ri bel­li­dir. Şy­pa­ha­na­nyň özi ýüz ýyl­dan gow­rak mun­dan öň esas­lan­dy­ry­lyp, ol ýer­li ila­tyň, ýa­kyn we alys ýurt­lar­dan gelýän myh­man­la­ryň ara­syn­da uly meş­hur­ly­ga eýe­dir. Arç­ma­nyň şy­pa­ly su­wy hi­mi­ki dü­zü­mi bo­ýun­ça kü­kürt­li-hlor­ly-gid­ro­kar­bo­nat­ly, nat­ri­li-kal­si­li-mag­ni­li, gow­şak aş­gar­la­nan suw­lar to­pa­ry­na de­giş­li­dir. Şy­pa­ly su­wy iç­mek, su­wa düş­mek, içe­ge­le­ri ýuw­mak ar­ka­ly be­jer­gi­niň dür­li usul­la­ry ula­nyl­ýar. Ol be­den ag­za­la­ry­nyň iş­jeň­li­gi­ni ka­da­laş­dyr­ýar. Şy­pa­ha­na de­ri ke­sel­le­rin­den, iý­mit siň­di­riş, ýü­rek-da­mar we nerw ul­ga­my, öt çy­ka­ry­jy ýol­la­ry we da­ýanç-he­re­ket ediş ul­gam­la­ry­nyň ke­sel­le­rin­den ejir çek­ýän adam­la­ry be­jer­mä­ge ýö­ri­te­leş­di­ri­lip­dir. Şy­pa­ha­na­nyň der­man­lyk su­wy esa­sy be­je­riş şer­ti bo­lup, onuň dü­zü­min­de hi­mi­ki ele­ment­le­riň 24-si kes­git­le­nen. Suw­da­ky kü­kürt wo­do­ro­dy­nyň de­re­je­si ony be­je­riş hem-de agyz suw­la­ry­nyň ha­ta­ry­na de­giş­li et­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär. Arç­ma­nyň pes aş­gar­ly ýy­ly mi­ne­ral su­wu­nyň ar­tyk­maç­ly­gy ony iç­mek üçin, şeý­le hem suw bi­len be­jer­mek ka­da­la­ry­ny ge­çir­mek üçin ula­nyp bol­ýan­ly­gyn­dan yba­rat­dyr. Suw­dan baş­ga-da, bu ýe­riň ja­na şy­pa­ly ho­wa­sy bar. Kö­pet­da­gyň de­mir­ga­zyk ete­gin­de ýer­le­şen şy­pa­ha­na­nyň dü­zü­min­de dynç al­ýan­lar üçin köp gat­ly bi­na­la­ryň bir­nä­çe­si bar. Bu ýer­de mas­la­hat be­riş-anyk­la­ýyş, be­je­riş we suw bi­len be­jer­mek üçin äh­li şert­ler dö­re­di­len. Hä­zir­ki wagt­da «Arç­man» şy­pa­ha­na­sy bir wagt­da 920 ada­my ka­bul ed­ýär. Şy­pa­ha­na­nyň bö­lüm­le­ri, ýö­ri­te­leş­di­ri­len otag­la­ry, sag­ly­gy di­kelt­mä­ge, pug­ta­lan­dyr­ma­ga, dynç al­ma­ga bo­lan amat­ly şert­le­ri ha­kyn­da nä­çe aýt­saň hem az. Esa­sy zat, ol ýer­de adam­la­ryň aras­sa dag ho­wa­syn­dan dem alyp, dynç al­ýan­dy­gyn­da we ýo­ka­ry de­re­je­de gu­ra­lan luk­man­çy­lyk hyz­mat­la­ryn­dan peý­da­lan­ýan­ly­gyn­da. Arç­ma­nyň çä­gin­dä­ki ýer bö­lek­le­ri­niň we tö­we­re­gi­niň he­mi­şe gök öw­süp otu­ran ar­ça to­kaý­ly­gy­na we beý­le­ki sa­ýa­ly agaç­la­ra baý bo­lup, tö­we­re­giň ra­hat­ly­gy, aras­sa­ly­gy bi­yg­ty­ýar özü­ne ben­di ed­ýär. Aras­sa ho­wa, fi­zi­ki iş­jeň­lik, der­man ot­lar­dan, mel­hem­lik çaý­lar­dan peý­da­lan­mak hem bu ýer­de ke­sel­le­ri be­jer­me­giň iň iş­jeň usul­la­ry­nyň bi­ri ha­sap­lan­ýar. Şy­pa­ha­na­nyň gü­nor­ta-gün­çy­ka­ryn­dan da­gyň de­pe­si­ne gar­şy uza­lyp gid­ýän Sag­lyk ýo­lu­nyň my­da­ma köp adam­ly­dy­gy we dynç al­ma­ga bar­ýan adam­la­ryň sag­lyk ýo­lyn­dan ýö­räp ge­ze­lenç ed­ýän­di­gi­ni bel­le­mek ge­rek. Sag­lyk ýo­ly ýe­ras­tyn­dan ço­gup çyk­ýan Arç­man çeş­me­si­niň göz­ba­şy­na örän go­laý­dyr. Çeş­me­den çyk­ýan su­wuň dü­zü­min­dä­ki mik­roe­le­ment­le­riň hoş­tap bu­gy ada­myň nerw ul­ga­my­na ra­hat­lyk ber­ýär, şäh­di­ni aç­ýar we gan ba­sy­şy­ny ka­da­laş­dyr­ýar. Te­bi­gy ke­ra­ma­ty bi­len ýy­lyň-ýy­ly­na müň­ler­çe ada­myň sag­ly­gy­ny di­keld­ýän we ýo­ka­ry de­re­je­de dynç al­ma­gy­ny üp­jün ed­ýän «Arç­man» şy­pa­ha­na­sy­nyň der­man su­wun­dan hal­ky­myz in­di en­çe­me ýyl­lar­dan bä­ri peý­da­la­nyp gel­ýär. Ra­ýat­la­ryň sag­ly­gy, sag­dyn­ly­gy üçin ýo­la goý­lan şeý­le iş­ler, dö­re­dil­ýän müm­kin­çi­lik­ler sa­nar­dan kän. Bu­la­ryň äh­li­si türk­men hal­ky­nyň sag­dyn­ly­gy we bag­ty­ýar­ly­gy üçin ýaý­baň­lan­dy­ryl­ýan be­ýik tag­ly­ma­ty­nyň mi­we­le­ri­dir. Ýur­du­myz­da adam­la­ryň sag­ly­gy we dynç al­ma­gy üçin de­giş­li şert­le­ri dö­re­dip, ila­tyň sag­ly­gy­ny go­ra­mak ba­ra­da­ky ala­da­ny il­kin­ji no­bat­da goý­ýan Gah­ry­man Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň ja­ny sag, öm­ri uzak, iş­le­ri ro­waç bol­sun!

Hur­ma­gül An­na­gur­ba­no­wa,
Bä­her­den et­rap be­den­ter­bi­ýe we sport bö­lü­mi­niň Kär­deş­ler Ar­ka­la­şy­gy­nyň baş­ly­gy, tä­lim­çi-mu­gal­lym.