Dünýä bankynyň maglumatlaryna görä, Braziliýa, takmynan, 5 661 milliard kub metr süýji suwa eýe bolup, bu ýagdaý ony dünýäniň iň «suwly» ýurduna öwürýär. Russiýa, takmynan, 4 312 milliard kub metr görkeziji bilen ikinji orny eýeleýär, Kanada, ABŞ we Hytaý hem süýji suw gorlarynyň mukdary babatda öňdebaryjylaryň hataryna girýär.
Suwuň uly gorlarynyň çäkli sandaky ýurtlarda jemlenmegi barha artýan global problema yşarat edýär: käbir sebitlerde suw artykmaçlygy bar, emma beýleki ýerlerde köplenç islegiň iň ýokary bolan ýerlerinde suw gaty ýetmezçilik edýär. Braziliýadan we Russiýadan soňra Kanada (takmynan, 2 850 milliard kub metr), ABŞ (takmynan, 2 818 milliard kub metr) we Hytaý (takmynan, 2 813 milliard kub metr) gelýär.
Ondan soňra sanawda Kolumbiýa (2 145 milliard kub metr), Indoneziýa (2 019 milliard kub metr) we Peru (1 641 milliard kub metr) ýerleşýär, bu bolsa suw serişdelerini üpjün etmekde tropiki howanyň we uly derýa ulgamlarynyň möhüm ornuny görkezýär.
Hindistan, süýji suwuň uly umumy gorlaryna, takmynan, 1 446 milliard kub metre eýe bolmagyna garamazdan, ilat sanynyň köplügi we islegiň artmagy sebäpli ýiti suw gytçylygyny başdan geçirýär. Mýanma hem 1 003 milliard kub metr görkeziji bilen iň uly gorlary bolan ýurtlaryň hataryna girýär.
Emma hatda ägirt uly serişdeleri bolan döwletler hem suwuň deňsiz paýlanmagy ýa-da ony saklamak we arassalamak üçin infrastrukturanýň ýetmezçiligi sebäpli ýerli gytçylyk bilen ýüzbe-ýüz bolup bilýärler. Mysal üçin, Braziliýada süýji suwuň esasy bölegi San-Paulu ýaly iri şäherlerden uzakda, Amazonka basseýninde jemlenendir. Şonuň ýaly-da, Russiýanyň ägirt uly gorlaryna garamazdan, olaryň ep-esli bölegi ilaty az bolan Sibirde ýerleşýär, bu bolsa senagat we şäherler üçin suwuň elýeterliligini çäklendirýär.
Dünýä banky häzirki ýörelgeler saklanyp galsa, 2030-njy ýyla çenli suwa bolan dünýä isleginiň hödürlenýän mukdardan 40% geçip biljekdigini duýdurýar. Esasy faktorlar ilatyň köpelmegi, şäherleşmegiň we oba hojalygynyň giňelmegidir.
Howanyň üýtgemegi ýagşyň ýagmagyna täsir edip, eýýäm suw ýetmezçiligini çekýän sebitlerde Günorta Aziýa, Ýakyn Gündogar we Afrikanyň käbir bölekleri ýaly ýerlerde guraklygyň ýygylygyny artdyryp, ýagdaýy kynlaşdyrýar.
Süýji suwuň absolýut gorlary boýunça iň uly ýurtlaryň hataryna girýän Hytaý we Hindistan, şol bir wagtyň özünde jan başyna düşýän suw mukdary boýunça iň uly kynçylyk çekýän ýurtlara degişlidir.
Ýurtlaryň köpüsi suw serişdelerini dolandyrmaga strategik wezipe hökmünde garaýarlar. Bentler, suw howdanlary we suw süýjediji desgalar üçin maýa goýumlar artýar, şeýle hem Dünýä bankynyň maglumatlaryna görä, dünýädäki süýji suw sarp edilişiniň, takmynan, 70%-ini tutýan oba hojalygynda suwdan peýdalanmagyň netijeliligini ýokarlandyrmak ugrunda tagallalar edilýär.
PDF









