Şwesiýada uzak ömür pudagyna (longevity) bolan gyzyklanma barha artýar – bu ömri uzaltmak maksady bilen ösen lukmançylyk tehnologiýalaryny, berhizleri, okuwy we ýaşaýyş durmuşyny birleşdirýän ugur. Soňky wagtlar ýurtda telekeçileriň we maýadarlaryň köpüsi ömri uzaltmak, keselleriň öňüni almak we garrylygyň hilini ýokarlandyrmak maksady bilen dürli usullary hödürleýän innowasiýa başlangyçlaryna maýa goýýarlar. Esasy üns, aýratynda, biohaking, emeli aň – anyklaýyş, telelukmançylyk, gan derňewi, bedeni skanirlemek we iýmitlenmegiň täze görnüşlerine gönükdirilendir.

Iýun aýynda Stokgolmda geçirilen “Super human” maslahatyna 800 töweregi maýadar, telekeçi we höwesjeň jemlendi. Işewür we “Don’t die» hereketiniň ruhlandyryjysy hökmünde tanalýan Braýan Jonson maslahatyň esasy myhmany boldy. Hereketiniň işjeň agzalaryndan biri, prodýuser we maýadar Araş Pournouri. Onuň pikiriçe, bu Jeff Bezos we Piter Tiýel ýaly şahsyýetleriň eýýäm gyzyklanma bildiren geljegi uly pudagydyr.

Ömri uzaltmak pudagyndaky meşhur maýadarlaryň arasynda Daniel Ek tarapyndan esaslandyrylan “Neko Health” kompaniýasy hem bar. Daniel Ek eýýäm 2,5 milliard ýewrodan gowrak pul toplap, Şwesiýada we Beýik Britaniýada klinikalary açdy.

Şeýle-de bolsa, alymlar bu tendensiýa şübheli garaýarlar. Karolinska institutynyň dosenti Karin Modig, soňky onýyllyklarda ortaça ömrüň dowamlylygynyň ýokary derejeli durmuş ýörelgesi bilen däl-de, lukmançylygyň ösmegi, ýürek kesellerini we rak keselini bejermek bilen baglanyşyklydygyny belleýär. Onuň sözlerine görä, uzak ömür köplenç ömrüň uzyn we agyryly soňky tapgyry bilen bilelikde bolýar.