Oky­jy­la­ry sy­ýa­hat­çy­lyk ha­bar­la­ry­ bilen tanyşdyrýan «CNN Travel» neşiri 2024-nji ýyl­da gö­rül­me­gi mas­la­hat be­ril­ýän ýer­le­riň sa­na­wy­ny taý­ýar­la­dy. Sa­naw­da sy­ýa­hat­çy­la­ryň esa­sy bar­ýan ýer­le­rin­den baş­ga-da, ba­ra­ny­ňa deg­ýän ýer­ler bar. Sa­naw­da bel­li bir ýurt­lar ýa-da şol ýur­duň se­bi­ti, dag etek­le­ri, we­lo­si­ped ýo­da­la­ry, ada­lar bar. Üs­tü­miz­dä­ki ýyl­da gö­rül­me­gi mas­la­hat be­ril­ýän ýurt­la­ryň ara­syn­da An­go­la, Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy, Al­ba­ni­ýa, Pa­na­ma, Çi­li, Ma­rok­ko we Öz­be­gis­tan bar. Şeý­le hem In­do­ne­zi­ýa­nyň Sum­ba ada­sy, Es­to­ni­ýa­nyň Tar­tu şä­he­ri, Taý­wa­nyň Taý­nan şä­he­ri, ABŞ-nyň Mi­çi­gan şta­ty­nyň de­mir­ga­zyk-gün­ba­ta­ry, Tür­ki­ýä­niň Ga­ra­de­ňiz se­bi­ti, Pu­er­to-Ri­ko­nyň Ku­leb­ra ada­sy, Ka­na­da­nyň Nýu-Bran­si­uk we­la­ýa­ty­nyň Sent-Jon şä­he­ri, Gre­si­ýa­nyň Ma­ke­do­ni­ýa we­la­ýa­ty, Is­pa­ni­ýa­nyň Ga­li­si­ýa se­bi­ti we Sin­ga­pu­ryň ada­la­ry bar.

Me­kan HO­JA­GU­LY­ÝEW,
Aba An­na­ýew adyn­da­ky Hal­ka­ra at­çy­lyk aka­de­mi­ýa­sy­nyň ta­ly­by.