Ýewropanyň güneşli ýurdy Ispaniýa ýylyň 7 aýynda 55,5 million syýahatçyny myhman aldy. Degişli döwürde ýurt syýahatçylyk pudagyndan 76 milliard 74 million ýewro girdeji gazanypdyr. Bu barada ýurduň milli statistika instituty habar berýär. Degişli döwürde Ispaniýa baran syýahatçylaryň sany 4,1% köpelipdir. Her syýahatçynyň sarp eden pul serişdesi bolsa, 7,2% artyp, jemi 76 milliard 74 million ýewro bolupdyr. Ispaniýa, esasan, ýewropaly syýahatçylar barypdyr – 11 million töweregi angliýaly, 7,1 million fransiýaly we 6,9 million germaniýaly, 3 milliondan gowrak italiýaly. Her syýahatçy bir günde ortaça 210 ýewro, jemi 1 müň 493 ýewro pul harçlapdyr.
Geçen ýyl ýurt 94 million daşary ýurtlyny kabul edipdir. Ýurduň syýahatçylyk ministrliginiň ýolbaşçylary ýylyň ahyryna çenli 98 million daşary ýurtlynyň gelmegine garaşýarlar.