Ge­çen ýyl Ýa­po­ni­ýa ba­ran sy­ýa­hat­çy­la­ryň sa­ny 42 mil­li­on­dan ge­çip, re­kord de­re­jä ýet­di. Sy­ýa­hat­çy­lar, esa­san, ýur­duň bel­li ýer­le­ri­ne has köp bar­ýar­lar. Ýurt­da has az sy­ýa­hat edil­ýän ýer­le­re hem sy­ýa­hat­çy çek­mek üçin tä­ze tas­la­ma dur­mu­şa ge­çi­ri­ler. Sy­ýa­hat­çy­ly­gy ýur­duň äh­li ýe­ri­ne deň paý­la­mak mak­sa­dy bi­len da­şa­ry ýurt­lu­la­ra mugt ot­ly pe­tek­le­ri ber­ler. Şeý­le­lik­de, myh­man­lar has uzak ýer­le­re yg­ty­bar­ly­ly­gy we çalt­ly­gy bi­len meş­hur­lyk ga­za­nan ýo­ka­ry tiz­lik­li «Shin­kan­sen» ot­lu­la­ry bi­len gi­dip bi­ler­ler.
Sy­ýa­hat­çy­lar, esa­san, To­kio, Kio­to, Osa­ka, Ko­be we Hi­ro­si­ma ýa­ly şä­her­le­re has köp bar­ýar. Il­kin­ji no­bat­da, Fu­kuo­ka şä­he­rin­den Ka­go­si­ma şä­he­ri­ne bir­ta­rap­la­ýyn ot­ly pe­te­gi mugt ber­ler. Şäherleriň arasynda 90 mi­nut do­wam ed­ýän otly syýahatynda pe­te­giň ba­ha­sy 11 müň 500 ýene (75 ame­ri­kan dol­la­ry) barabar.

Wepa Haýydow,
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň borçnama boýunça harby gullukçysy, maýor.