Bü­tin­dün­ýä Sy­ýa­hat­çy­lyk Gu­ra­ma­sy şu ýy­la de­giş­li il­kin­ji mag­lu­mat­la­ry ýaý­rat­dy. Mag­lu­ma­ta gö­rä, ýy­lyň il­kin­ji 6 aýyn­da sy­ýa­hat­çy­la­ryň sa­ny dün­ýä­de 690 mil­lio­na ýe­tip­dir. Bu gör­ke­zi­ji ge­çen ýy­lyň de­giş­li döw­rün­dä­ki­den 5% ýo­ka­ry bo­lup­dyr. Gu­ra­ma­nyň Baş sek­re­ta­ry Zu­rab Po­lo­li­kaş­wi­li sy­ýa­hat­çy­la­ryň sa­ny­nyň art­ma­gynyň ýer­li yk­dy­sa­dy­ýe­te go­şant goş­ýan­dy­gy­na hem-de dur­nuk­ly we has giň sy­ýa­hat­çy­lyk sy­ýa­sa­ty­nyň äh­mi­ýe­ti­ne ün­si çek­di. Iň ýo­ka­ry ösüş Af­ri­ka­da ha­sa­ba al­nyp­dyr, Azi­ýa-Ýu­waş um­ma­nyn­da­ky di­ke­liş do­wam edip­dir. Ýan­war-iýun aý­la­ryn­da Af­ri­ka­da sy­ýa­hat­çy­la­ryň sa­ny 12% ar­typ­dyr. Bu gör­ke­zi­ji De­mir­ga­zyk Af­ri­ka­da 14% bo­lup­dyr. Ýew­ro­pa 6 aý­da 340 mil­li­on hal­ka­ra sy­ýa­hat­çy ba­ryp­dyr. Bu gör­ke­zi­ji ge­çen ýy­lyň de­giş­li döw­rün­dä­ki­den 4%, 2019-njy ýyl­da­ky­dan 7% ýo­ka­ry diý­me­gi aň­lad­ýar. Ame­ri­ka yk­ly­myn­da­ky or­ta­ça ösüş 3% ýo­kar­la­nyp­dyr. Gü­nor­ta Ame­ri­ka­da 14%, Mer­ke­zi Ame­ri­ka­da 2% ösüş ga­za­ny­lan bol­sa, De­mir­ga­zyk Ame­ri­ka­da ge­çen ýyl­ky bi­len de­ňe­çer bo­lup­dyr. Azi­ýa we Ýu­waş um­ma­ny se­bi­ti 11% ösüp­dir.

Serdar NAZAROW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri.