Dün­ýä­de sy­ýa­hat­çy­ly­gyň ös­me­gi ne­ti­je­sin­de bu ugur­da iş alyp bar­ýan kom­pa­ni­ýa­la­ryň gir­de­ji­le­ri hem art­ýar. Öz öýü­ňi wagt­la­ýyn kä­ren­de­si­ne ber­mä­ge müm­kin­çi­lik dö­red­ýän «Boo­king Hol­dings» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň gir­de­ji­si ýy­lyň ikin­ji çär­ýe­gin­de bi­ler­men­le­riň çak­la­ma­syn­dan has ýo­ka­ry bol­dy. Müş­de­ri­le­ri­ne on­laýn hyz­mat hö­dür­le­ýän kom­pa­ni­ýa­nyň Nýu-Ýor­kuň
NAS­DAQ bir­ža­syn­da­ky her bir paý­na­ma­sy 55,40 ame­ri­kan dol­la­r gir­de­ji ge­ti­rip­dir. Bi­ler­men­ler bu gör­ke­zi­ji­niň 50,14 dol­lar bol­ma­gy­na ga­raş­ýar­dy­lar.
Kom­pa­ni­ýa­nyň gir­de­ji­si ge­çen ýy­lyň de­giş­li döw­rün­dä­ki­den 17 gö­te­rim ýo­kar­la­nyp, 6,8 mil­liard ame­ri­kan dol­la­ry­na ýe­tip­dir. Bi­ler­men­le­riň des­lap­ky çak­la­ma­sy 6,54 mil­liard dol­lar­dy. «Boo­king»-iň üçün­ji çär­ýek­de 3,9-4 mil­liard dol­la­r ara­ly­gyn­da aras­sa peý­da ga­zan­ma­gy­na ga­ra­şyl­ýar.

Baýrammuhammet Orazberdiýew,
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň harby gullukçysy, polkownik.