Sungat işgärleriniň döreden eserleriniň awtorlyk hukuklarynyň belli bir wagtdan soň güýji ýitýär. Olara goşgudyr romanlar, aýdym-saz hem-de kino eserleri we beýlekiler degişli bolýar. Awtorlyk hukugy ony döreden adam ýa-da kompaniýa tarapyndan satylyp hem bilinýär. Awtorlyk hukugy barada her ýurtda başgaça kanun bar. Olar eseriň döredilen ýa-da ony döreden adamyň aradan çykan wagty bilen bagly ýurtlara görä tapawutly bolup bilýär. Animasion filmleri döretmekde dünýäniň meşhur kompaniýasy hasaplanýan «Disney»-iň ilkinji döreden multfilm gahrymanlary bolan Mikki we Minni syçanjyklaryň hem awtorlyk hukugynyň möhletiniň şu ýylyň 1-nji ýanwarynda tamamlanandygy mälim edildi. Mikki we Minni atly syçanjyklar 1928-nji ýylda döredilen «Steamboat Willie» atly gysga göwrümli «baş keşpleri» janlandyrypdylar. Şondan bäri 95 ýyl geçdi. Şeýlelikde, bu gahrymanlaryň diňe ilkibaşdaky nusgasynyň şekilleri animasion önümlerde we döredijilik işlerinde önümiň «Disney»-iň önümidigini görkezmezlik şerti bilen tölegsiz we rugsatsyz ulanylyp bilner. Döwrebap Mikki we Minni syçanjyk gahrymanlarynyň awtorlyk hukuklaryny bolsa, «Disney» henizem saklap galýar. Mikki we Minniden başga-da beýleki birnäçe multfilm gahrymanlarynyň, çagalar üçin ýazylan kitaplaryň, filmleriň, aýdymlaryň, sazlaryň, romanlaryň awtorlyk hukuklarynyň möhleti tamamlandy.
Ogulgurban Misekowa,
Änew şäherindäki 1-nji orta mekdebiň mugallymy.