27-nji sentýabrda Eýran Yslam Respublikasynyň Tähran şäheriniň Azady meýdançasynda Türkmenistanyň baýdagy görkezildi. Baýdagyň görkezilmegi mahalynda ýurduň döwlet senasy ýaňlandy, şeýle-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagyň “Öňe, öňe, diňe öňe, jan Watan Türkmenistan” atly aýdymy ýerine ýetirildi.
Çäre Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan guraldy.
Dabara Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň, Tähranyň häkimliginiň, ýerli häkimiýet edaralarynyň wekilleri, şeýle hem ýurduň ýerli ýaşaýjylary we bu meýdança gelýän syýahatçylar gatnaşdylar.