Tährany suw bilen üpjün edýän howdanlaryň bäşisinde-de suwuň derejesi örän pese gaçdy diýip, ýurduň «Tasnim» agentligi habar berdi.
«Eýranyň suw gorlary kompaniýasynyň maglumatlaryna laýyklykda, Amir Kabir howdanynda bar bolan suw gory 12 million kubmetre çenli azaldy, bu howdanyň sygymlyk möçberiniň bary-ýogy 7 göterimine deň» diýip, agentlik ýazýar. Şeýle hem suwuň möçberi 2025-nji ýylyň gyşyndakydan 39 göterim azdyr.
Beýleki howdanlaryň dördüsinde-de ýagdaý o diýen gowy däl. Mysal üçin, Lar suw howdany diňe 1 göterim, Mamla we Latýan howdanlary bolsa 9 göterim doly. Talegan derýasynda suwuň derejesi 19 göterime ýetýär. Özem ol Tähranda suw geçirijiniň ikinji ugrunyň açylmagy bilen baglylykda, has işjeň ulanylyp başlanar diýlip, habarda bellenýär.