Tailandyň hökümeti pişikleri ýurduň ykdysadyýetiniň möhüm düzüm bölegi hökmünde ykrar etdi. Bu barada “Nikkei Asia” žurnaly habar berýär. Neşirde bellenilişine görä, Tailandda pişik söýüjiler üçin harytlar bazary şeýle bir çalt ösýär welin, hökümet bu öý haýwanlaryny ykdysady ösüşiň esasy hereketlendirijileriniň biri hökmünde görýär.
Taýlandda pişikler üçin harytlaryň we hyzmatlaryň bazary 367,8 milliard bata (10,66 milliard dollar) ýetdi. “Nikkei Asia” neşiri “N.C.C. Management & Development” kompaniýasynyň maglumatlaryna salgylanyp, “pişik söýüjiler bazarynyň” itler üçin niýetlenen bazardan (226,8 milliard bat /6,57 milliard dollar) öňe geçendigini belleýär.
Bilermenleriň hasaplamalaryna görä, bir pişik üçin aýda ortaça 3,5 müňden 6,8 müň bata (101–197 dollar) çenli çykdajy edilýär. Bu görkeziji itler üçin sarp edilýän ortaça çykdajydan (3,5–5,5 müň bat/101–159 dollar) ýokarydyr.
Çaklamalara görä, geçen ýyl Tailandda pişikler üçin harytlar we hyzmatlar bazarynyň ösüş depgini taryhda ilkinji gezek itleriň bazaryndan öňe saýlandy. Žurnal munuň sebäbini pişikleriň has “çemli” öý haýwany bolmagy bilen düşündirýär. Hususan-da, şäher ilatynyň köpelmegi we ýaşaýyş meýdanynyň darlygy sebäpli tailandlylar itlere garanyňda, pişikleri saklamagy has amatly görýärler.