19-njy martda Tailandyň Premýer-ministri Anuthin Çanwirakul parlament saýlawlarynda gazanan ynamly ýeňşinden soň, ikinji möhlete gaýtadan saýlandy. Bu barada “Reuters” agentligi habar berýär.
Çanwirakul deputatlaryň köpüsiniň goldawyny almagy başardy, bu bolsa oňa öz wezipesini saklamaga we ýurdy dolandyrmak üçin täze mandat almaga mümkinçilik berdi. Premýer-ministr haýal etmän Ministrler Kabinetini döretmäge we esasy wezipeleri çözmäge ünsüni jemlemäge taýýardygyny mälim etdi. Ol ykdysadyýeti berkitmegi we ilatyň durmuş derejesini ýokarlandyrmagy ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda görkezdi.
Bilermenler onuň ýolbaşçylygynda döredilen hökümetiň uzak wagtlap dowam eden syýasy durnuksyzlykdan soňra, Tailanda otnositel durnuklylyk döwrüni üpjün edip biljekdigini belleýärler.
Dekabr aýynda Tailandyň Patyşasy Maha Waçiralongkorn (Rama X) hökümet Baştutany Anutin Çarnwirakula parlamenti ýatyrmaga we 2026-njy ýylyň başynda ýurtda ählumumy saýlawlary geçirmäge rugsat berdi. Wekiller palatasyna saýlawlar Patyşanyň permany çykanyndan 45-60 gün soň geçirilmelidi. Bu wagtyň dowamynda Premýer-ministr çäkli ygtyýarlyklary bolan wagtlaýyn hökümete ýolbaşçylyk etmelidi. Anutin Çarnwirakul sentýabrda geçirilen parlament saýlawlarynda Halk partiýasynyň goldawy bilen ýeňiş gazanypdy; munuň deregine ol dört aýyň dowamynda parlamenti ýatyrtmaga we saýlanan esaslandyryjy ýygnak tarapyndan täze konstitusiýanyň işlenip düzülmegi boýunça referendum guramaga söz beripdi.
PDF









