Ýaponiýanyň parlamenti çarşenbe güni Liberal-demokratik partiýasynyň (LDP) lideri Sanae Takaitini 8-nji fewralda geçirilen saýlawlarda LDP-niň ynamly ýeňiş gazanmagyndan soň, ýurduň Premýer-ministri wezipesine täzeden saýlady. Bu barada “Kyodo” agentligi habar berýär.
Nobatdaky 150 günlük parlament sessiýasynyň öňüsyrasynda Takaitiniň Kabineti, Konstitusion proseduranyň talap edişi ýaly, doly düzümde işinden çekildi. Şondan soň ol Wekiller palatasynyň mejlisinde täzeden Premýer-ministr wezipesine saýlandy.
Hökümetiň düzüminde üýtgeşmeleriň bolmagyna garaşylmaýar. Takaiti 18-nji fewralda metbugat maslahatyny geçirip, öz syýasatynyň esasy ileri tutulýan ugurlaryny beýan etmegi meýilleşdirýär.
Geçen saýlawlarda LDP parlamentiň aşaky palatasyndaky 465 orundan rekord derejedäki 316-syny eýeledi. Bu bolsa ýurduň uruşdan soňky taryhynda ýeke-täk partiýanyň durnukly köplügi gazanan ilkinji ýagdaýy boldy.
PDF









