10-njy iýunda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň binasynda Ylymlar gününe bagyşlanyp «Zaman-Türkmenistan» gazetiniň redaksiýasy bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bilelikde guramagynda talyp ýaşlarynyň arasynda yglan edilen «Talyp ylhamy» atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi. «Talyp ylhamy» atly döredijilik bäsleşiginiň şertlerine we düzgünine laýyklykda:


Baş baýraga «Ýitginiň sesi…» atly hekaýasy bilen Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň talyby Bagtyýar Gurbanberdiýew mynasyp boldy.
1-nji orna «Futbolçyny bagta ýetiren söz» atly hekaýasy bilen Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby Nurguly Gurbanow laýyk görüldi.
2-nji orna «Çaga terbiýesiniň altyn kadasy» atly hekaýasy bilen Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby Ogulgerek Zakirjanowa hem-de «Meniň gahrymanym» atly hekaýasy bilen Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby Gözel Umarowa mynasyp boldy.
3-nji orunlara degişlilikde, «Ýorgut» atly hekaýasy bilen TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby Ajaýyp Nobatowa, «Meletaýym – Meleguş» atly hekaýasy bilen Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyby Dursunjemal Mollaýewa hem-de «Çagalygymdan bir pursat» atly hekaýasy bilen Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyby Aýgül Nazarlyýewa dagy laýyk görüldi.
Şeýle hem Hydyr Derýaýew adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň talyby Soltangözel Kerwenowa («Goşa daragt» hekaýasy), Döwletmämmet Azady adyndaky türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby Şirin Orazmyradowa («Hat» hekaýasy) we Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk institutynyň talyby Serdar Mätçikow («Bagt duralgasy» hekaýasy) dagy höweslendiriji baýraklara mynasyp boldular.
Baýrakly orunlara mynasyp bolan talyplara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň hem-de «Zaman-Türkmenistan» gazetiniň redaksiýasynyň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.


Gün-günden özgerýän Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň belent ösüşlerinde ýaşlaryň mynasyp paýy bar. Zehinli ýaşlarymyz öz döredijiliginde berkarar Watanymyzy, eşretli zamanamyzy, bagtyýar halkymyzy, parahatçylygy, dost-doganlygy çeper sözde wasp edýärler. «Talyp ylhamy» atly döredijilik bäsleşigine gatnaşan talyp ýaşlarymyza «Zaman-Türkmenistan» gazetiniň redaksiýasynyň adyndan köp sagbolsun aýdýarys. Baýrakly orunlara mynasyp bolan zehinli ýaşlarymyzy bolsa, ýene bir gezek tüýs ýürekden gutlap, galamlarynyň has-da ýiti bolmagyny we döredijilik başarnyklarynyň has-da giňemegini arzuw edýäris!

«Zaman-Türkmenistan».