Tanzaniýanyň Parlamenti Mwigulu Nçembanyň ýurduň täze Premýer-ministri wezipesine bellenmegini biragyzdan tassyklady. Onuň dalaşgärligi Prezident Samiýa Suluhu Hasan tarapyndan hödürlendi. Parlamentiň başlygy Musa Azzan Zungu paýtagt Dodomadaky parlamentiň zalynda ses berişligiň netijelerini mälim etdi. Syýasy çärä gatnaşan 371 parlament agzasynyň 369-sy goldaw sesini berdi.

Häkimiýet başyndaky “Çama Ça Mapinduzi” partiýasyndan ykdysatçy we tejribeli syýasatçy M. Nçemba ozal maliýe ministri bolup işläpdi. Ol hökümete 10 ýyllap ýolbaşçylyk eden Kassim Majaliwanyň ornuna geçdi. 50 ýaşly M. Nçemba parlamentde Günbatar Iramba saýlaw okrugyna wekilçilik edýär. Ol 1961-nji ýylda ýurt garaşsyzlygyny alanyndan bäri Tanzaniýanyň 12-nji Premýer-ministri boldy.

  1. M. Nçemba öz çykyşynda Tanzaniýanyň raýatlarynyň abadançylygyny ileri tutjakdygyna we milli ösüş maksatlaryny öňe ilerletmek üçin ähli tagallalary etjekdigine söz berdi. Şol günüň ahyrynda ol paýtagt Dodomadaky Çamwino döwlet rezidensiýasynda Prezident S. Suluhu Hassanyň gatnaşmagynda resmi taýdan kasam kabul etdi.