Ngorongoro krateri dünýädäki iň uly ýaşyl kraterleriň biri hasaplanýar. Tanzaniýada ýerleşýän bu gözellik 610 metr çuňlukdaky çöketlikden we tegelek kölden ybarat. 260 inedördül kilometr meýdany tutýan Ngorongoro krateri, takmynan 2-3 million ýyl mundan ozal emele gelipdir. Afrikanyň uly bäşliginiň (arslan, pil, kerk, alajabars, buýwol), gaplaň sürüsiniň we 25 müňden gowrak iri süýdemdirijiniň ýaşaýan ýeri bolan ýaşyl krater ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen tebigy gözellikleriň biridir.
Diametri 20 kilometre barabar krateriň aşak inýän kert düzlüginde «Lerai» tokaýy ýerleşip, ýabany jandarlaryň ýaşamagy üçin oňaýly şert döredýär. «Lerai» tokaýy ýokardan seredeniňde göze meňzeýän Magadi kölüne çenli uzalyp gidýär. Bu köle Munge we Lerai derýalary guýýar. Gazana meňzeş tebigy gözelligiň düýbündäki Magadi köli ýabany jandarlary içimlik suw bilen üpjün edýär. Kölde balygyň dürli görnüşleri we flamingolar ýaşaýar. Tomus paslynda kölüň daş-töwereginde janly tebigat muzeýi emele gelýär. Krateriň ýokarsynda oturyp, oýtumdaky köli we janly-jandarlary synlamak syýahatçylarda ýatdan çykmajak täsir döredýär. Tanzaniýanyň iň meşhur ýerleriniň biri bolan Ngorongoro kraterine her ýyl 750 müňden gowrak syýahatçy barýar. Masai dilinde «Hudaýyň dagy» diýmegi aňladýan Ngorongoro krateri Afrikanyň 7 tebigy täsinliginiň biridir.
PDF









