ABŞ-nyň Arkansas ştatynyň ýaşaýjysy Jerri Ewans ştatyň “Crater of Diamonds” milli seýilgähde gezelenç edip ýörkä, uly göwheriň üstünden bardy. Ol aýnapisind üýtgeşik daşy Amerikanyň Gemmologiýa institutyna iberdi. Birnäçe gün geçenden soň, oňa “aýna bölejiginiň” 4,87 karatlyk göwher bolup çykandygy habar berdiler.