Bangladeşiň Milli partiýasynyň (BMP) ýolbaşçysy Tarik Rahman parlamentde kasam kabul etdi we 12-nji fewralda geçirilen saýlawlarda partiýasynyň uly ýeňiş gazanmagyndan soň, resmi taýdan ýurduň Premýer-ministri wezipesine girişdi. Bu barada “The Guardian” neşiri habar berýär.
Rahman häkimiýet çalşygyndan we Şeýh Hasinanyň Kabinetiniň wezipesinden çekilmeginden soň, takmynan, 18 aýlap Bangladeşi dolandyran wagtlaýyn hökümetiň ornuny tutýar.
Ondan öň BMP-niň parlament saýlawlarynda ýaranlary bilen bilelikde 212 orun alyp, ýeňiş gazanandygy habar berlipdi. Yslam birleşigi (“Jamaat-e-Islami”) 77 orun aldy.
PDF








