Taryha altyn harplar bilen ýazylan BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahaty öz işini üstünlikli tamamlady. Hazaryň türkmen kenary 103 ýurtdan 5700-den gowrak gatnaşyjyny özünde jemledi. Oňa döwlet we Hökümet Baştutanlarynyň 16-sy, 108 ministr, 100-den gowrak parlament agzasy, halkara guramalaryň 29-synyň wekilleri, 450-den gowrak hökümete degişli bolmadyk guramalaryň wekilleri, dürli kompaniýalaryň wekilleri, 40-a golaý döwletden köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň 160-dan gowragy we beýleki myhmanlar gatnaşdylar.
BMG-niň Awaza maslahaty deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ykbalyna dahylly meseleleriň tutuş dünýäde uly gyzyklanma döredýändigini görkezýän möhüm waka hökmünde uly ähmiýete eýedir. Gün tertibinde 7 ugry öz içine alýan dürli mazmunly çäreleriň geçirilmegi bu forumyň esasy aýratynlyklarynyň biridir.
Bu forumda 6-njy awgust «Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň aýratyn zerurlyklary hem-de ösüş ulgamynda olaryň öňünde durýan aýratyn meseleler barada maglumatlary ýaýratmagyň halkara güni» diýlip yglan edildi. Indi bu sene her ýyl bütin dünýäde bellenilip geçiler.
Bu taryhy waka mynasybetli «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýörite brifing geçirildi. Onda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow «Bu gün diňe bir şanly sene däldir. Ol okgunly hereket etmäge, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň geografiýa taýdan uzakda ýerleşýändikleri hem-de deňze göni çykalganyň ýokdugy sebäpli ýüzbe-ýüz bolýan düzümleýin päsgelçiliklerine ählumumy derejede düşünilmegini çuňlaşdyrmaga çagyryşdyr. Bu meseleler barada bilelikdäki sesimiziň has belent ýaňlanmagyna, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletlere dünýä ykdysadyýetine doly derejede gatnaşmaga mümkinçilik berjek netijeli çözgütleri ilerletmäge hem-de hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmaga çagyryşdyr» diýip belledi.
BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, az derejede ösen, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler hem-de kiçi ada döwletler boýunça Ýokary wekili, BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň Baş sekretary hanym Rabab Fatima gözel we ajaýyp Awazada geçirilýän giň wekilçilikli halkara maslahatyň çäklerinde bu taryhy güni dünýäniň dürli ýurtlaryndan gelen hyzmatdaşlar bilen ilkinji gezek bellemegiň özi üçin belent mertebe hem-de uly şatlykdygyny aýtdy.
8-nji awgustda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň jemleýji plenar mejlisi geçirildi. Onda 2024-2034-nji ýyllar üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasynda üstaşyr ulag ulgamlaryny kämilleşdirmek, ykdysadyýetleri diwersifikasiýalaşdyrmak, sanly özgertmeleri tizleşdirmek, howanyň üýtgemegine durnuklylygy ýokarlandyrmak, maýa goýumlary çekmek, deňze çykalgasy bolmadyk ähli ösüp barýan döwletlerde inklýuziw hem-de durnukly ösüş üçin binýat döretmek boýunça anyk çäreler beýan edildi we Awaza syýasy Jarnamasy kabul edildi.
Awaza syýasy Jarnamasy jebisligiň we raýdaşlygyň beýan edilmegi bolmak bilen, BMG-niň durnukly ösüş ulgamynda
2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibini durmuşa geçirmäge, köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň dünýä ykdysadyýetine doly goşulyşmagyny üpjün etmäge umumy ygrarlylygy tassyklaýar.
Şeýlelikde, ýakyn onýyllyk üçin bilelikdäki hereketleriň esasy ugurlaryny kesgitlän ýokary derejeli maslahatyň geçirilmegi Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň strategik häsiýete eýediginiň nobatdaky güwäsine, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň halkara abraýynyň ykrarnamasyna, ýurdumyzyň, bütin adamzadyň bähbidine Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge işjeň gatnaşýandygynyň aýdyň mysalyna öwrüldi.
Jennet Hudaýbergenowa,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyby.