Çilini milli tebigat taryhy muzeýinde saklanýan äpet heýkel onuň döredilen ýeri bolan Pasha adasyna äkidiler. Ýuwaş ummanynyň günorta-gündogaryndaky “Rapa Nui” ýadygärlikleriniň biri bolan Moai heýkeli 1870-nji ýylda Santýagodaky muzeýe getirilipdir. Rapa Nui halkynyň ýaşaýan adasy Çiliniň kenaryndan 3 müň 219 kilometr uzakda ýerleşýär. Agramy 715 kilogram bolan heýkel adadaky Padre Sebastýan Englertiň adyny göterýän antropologiýa muzeýinde goýlar. Rapa Nui adasynda müňden gowrak äpet heýkeller bolup, 1995-nji ýylda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni mirasynyň sanawyna girizildi.