Angliýanyň Super Kubogy bolan “FA Community Shield” duşuşygynda çempion “Liwerpul” bilen FA Kubogynyň eýesi “Kristal Palas” duşuşdy. Londondaky “Wembley” stadionynda geçirilen oýna 82 müň 645 janköýer tomaşa etdi. Duşuşyga “Liwerpul” gol bilen başlap, täze transfer Hugi Ekitike 4-nji minutda hasaby açdy. Oýnuň 17-nji minutynda Žan-Filipp Mateta penaltini dürs urup, hasaby deňledi.  4 minutdan soň, has takygy, 21-nji minutda ýene bir täze transfer Žeremi Frimpongyň owadan goly bilen “Liwerpul” 2-nji gezek öňe saýlandy. Oýnuň esasy wagtynyň tamamlanmagyna 13 minut galanda, Ismaila Sarryň goly bilen londonlylar 2-nji gezegem hasaby deňlemegi başardy.

Şunlukda, duşuşygyň esasy wagty 2-2 hasabynda deňlikde tamamlandy we ýeňiji penaltileriň netijesinde kesgitlenmeli edildi. Penaltilerde “Liwerpuldan” Salah, Mak Allister, Elliot dagynyň, “Kristal Palasdan” Eze bilen Sosanyň urgulary takyk bolmady. “Kristal Palasdan” Mateta, Sarr hem-de Dewenniniň urgulary takyk bolup, “Liwerpuldan” Gakpo bilen Soboslainiň geçiren gollary ýeňşe ýetmedi.

Netijede 3-2 hasabynda üstün çykan “Kristal Palas” topary taryhynda ilkinji gezek “FA Community Shield” kubogyny eýelemegi başardy. Bu olaryň uly ýaryşlardaky 2-nji, umumylykda-da 5-nji kubogydyr. “Kristal Palas” 120 ýyla golaýlap gelýän taryhynda FA Kubogyny, “FA Community Shield” kubogyny, şeýle-de 2 gezek 2-nji liganyň çempionlygyny hem-de 3-nji liganyň çempionlygyny gazandy. Kristal Palas topary bu kubogyny azyndan 1 gezek gazanan 26-njy klub hökmünde hasaba alyndy.

103-nji gezek geçirilen “FA Community Shield” kubogyny iň köp “Mançester Ýunaýted” gazanmagy başardy. Mankunianlar 21 gezek bu kubogy eýeläp, “Arsenalyň” 17, “Liwerpulyň” 16 ýeňşi bar.