Parlament saýlawlarynda ýeňiş gazanan Bangladeş Milli partiýasynyň (BMP) lideri Taryk Rahman 17-nji fewralda kasam kabul edip, Premýer-ministri wezipesine girişdi.
Rahman Bangladeşde soňky 36 ýylda Premýer-ministr bolan ilkinji erkek kişidir. Ondan öň bu wezipäni ejesi Haleda Ziýa, soňra bolsa 2024-nji ýylda wezipesinden çekilen Şeýh Hasina eýeläpdi.
60 ýaşyndaky Rahman 2008-nji ýyldan bäri Londonda ýaşap gelýärdi. Ol 2025-nji ýylyň 25-nji dekabrynda Bangladeşe dolanyp geldi we 2026-njy ýylyň 9-njy ýanwarynda Milli partiýanyň başlygy boldy. Ony ýurtda köp sanly tarapdary garşylady. Rahman bary-ýogy birnäçe hepdäň içinde saýlawçylaryň uly böleginiň ynamyny gazanmagy başardy.
Bangladeşde 13-nji parlament saýlawlary 2024-nji ýylyň 12-nji fewralynda, Premýer-ministr Şeýh Hasinanyň we onuň “Awami lig” partiýasynyň wezipesinden çekilmeginden 18 aý geçenden soň geçirildi. Bir ýarym ýyllap ýurdy Nobel baýragynyň eýesi Muhammad Ýunusyň ýolbaşçylygyndaky wagtlaýyn hökümet dolandyrdy. Bangladeşiň Saýlaw komissiýasy BMP we onuň tarapdarlarynyň parlamentdäki 299 orundan 212-sini eýeländigini yglan etdi.
PDF









