Taýland Patyşalygyna syýahatlary meýilleşdirýän Türkmenistanyň raýatlaryna 2025-nji ýylyň 1-nji maýyndan Taýlandyň Migrasiýa gullugy tarapyndan girizilen täze talaplaryň güýje girýändigi barada ýatladýarys. Bu barada “Türkmenistan” awiakompaniýasy habar berdi.
Indi, syýahaty amala aşyrmazdan öň, saparynyň maksadyna garamazdan, her bir ýolagçy hökmany ýagdaýda onlaýn tertipde sanly migrasiýa kartyny doldurmaly. Degişli elektron formasyny doldurmak üçin şu salga geçiň: https://tdac.immigration.go.th/arrival-card/#/home
“Türkmenistan” awiakompaniýasy Taýlanda ugraýan öz ýolagçylarynyň ählisini bu amaly soňa goýman, öňünden onlaýn hasaba alnyşy geçmäge çagyrýar.