ABŞ-nyň Aerokosmos edarasy (NASA) 8 müň dalaşgäriň arasyndan 10 sany astronawty saýlady. Geljekde Aýa we Marsa goýberilmegi meýilleşdirilýän astronawtlaryň arasynda zenanlaryň sany erkeklerden has köp. Astronawtlar, esasan, inženerleriň we synag uçarmanlarynyň arasyndan saýlandy. Olaryň arasynda Marsa uçurylan “Curiosity” robotynyň maksatnamasynda işlän geolog, lukman we geçen ýyl “SpaceX” missiýasynyň çäginde orbita çykan inžener hem bar. Toparyň agzalaryna iki ýyllap okuw geçiler.
Täze astronawtlar ABŞ-nyň Aýa ikinji gezek we Marsa birinji gezek adam ibermek bilen bagly taslamalaryna gatnaşarlar.