Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, ýurdumyzyň awtoulag düzümi dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň döwrebap tehnikalary bilen yzygiderli baýlaşdyrylýar. Bu bolsa gatnaw ugurlarynyň sanyny artdyrmaga, ýolagçylara ýokary hilli we medeniýetli hyzmat etmäge giň mümkinçilik döredýär. Täze awtoulaglaryň hyzmatda bolmagy Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň ýaşaýjylary üçin ulag hyzmatlarynyň howpsuzlygyny hem-de oňaýlylygyny üpjün edýär.
Häzirki wagtda pudakda innowasiýa usullaryny ornaşdyrmak, hyzmatlaryň görnüşini artdyrmak we hünärmenleriň iş şertlerini gowulandyrmak boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar. Täze gurulýan döwrebap obalarda we şäherçelerde ilatyň isleglerini doly kanagatlandyrmak maksady bilen, täze şäheriçi, şäherýaka we şäherara awtobus gatnawlary yzygiderli açylýar.
Täze açylan ugurlar. Ahal we Balkan welaýatlarynyň ýaşaýjylarynyň gatnawlaryny has-da ýeňilleşdirmek maksady bilen, aşakdaky ugurlar boýunça täze awtobus gatnawlary ýola goýuldy:
«Balkanabat — Aşgabat», «Bereket — Aşgabat» we «Gyzylarbat — Aşgabat».
Bu başlangyçlar ilatymyzyň bellenen ugurlar boýunça wagtyny tygşytlamagyna we has oňaýly şertlerde menziline ýetmegine hyzmat eder.
Çeşme: awtoulag.gov.tm
PDF









