NASA-nyň «Orion» kosmos gämisi 10 günlük taryhy syýahatdan soň, Ýuwaş ummanyna sag-aman gondy. Bu waka adamzat taryhynda soňky 50 ýyldan gowrak wagtyň içinde Aýa tarap amala aşyrylan ilkinji uçuşyň üstünlikli tamamlanandygyny aňladýar.
11-nji aprelde Kaliforniýanyň kenarynda dünýäniň ünsüni çeken taryhy pursat boldy. NASA-nyň «Artemis II» missiýasynyň ekipažy — Rid Waýzmen, Wiktor Glower, Kristina Koç we Jeremi Hansen «Orion» kapsulasynda Aýyň daşyndan aýlanyp, Ýere üstünlikli gondy. Bu missiýa NASA-nyň iki ýyldan soň Aýyň ýüzüne adam düşürmek we geljek onýyllykda ol ýerde hemişelik baza gurmak baradaky maksatnamasynyň esasy tapgyry boldy.
Gäminiň Ýere dolanmagy aňsat bolmady. «Integrity» atly kapsula atmosferanyň dykyz gatlaklaryna sese garanyňda 33 esse ýokary tizlikde (sagatda takmynan 40 müň km) girdi. Şol pursatda kapsulanyň daşynda dörän gyzgyn plazma sebäpli 6 minutlap Ýer bilen aragatnaşyk doly kesildi. Emma inženerleriň döreden ýörite ýylylyk “galkany” müňlerçe dereje gyzgynlyga döz gelip, ekipažyň howpsuzlygyny üpjün etdi. Soňra paraşýutlaryň kömegi bilen tizlik sagatda 30 km-e çenli azaldyldy we gämi ummana ýumşak gondy.
«Artemis II» missiýasy diňe bir gaýdyş däl, eýsem täze rekordlaryň goýlan uçuşy boldy. Ekipaž Ýerden 406 771 kilometr uzaklyga gidip, «Apollo-13» gämisiniň uzaklyk rekordyny täzeledi. Kosmonawtlar Aýyň arkasyndaky (Ýere görünmeýän) taraplaryny öz gözleri bilen görüp, «Ýeriň dogşy» atly täze täsirli suratlary düşürdiler. Şeýle-de, uçuş wagtynda olar kosmosdan doly gün tutulmasyny we planetalaryň bir hatara düzülmegini synladylar.
Bu gezekki ekipaž özüniň köpdürlüligi bilen hem tapawutlandy. Kristina Koç Aýa uçan ilkinji zenan, Wiktor Glower ilkinji garaýagyz kosmonawt, Jeremi Hansen bolsa Aýa syýahat eden ilkinji Kanada raýaty hökmünde taryha girdi. Kosmonawtlar kapsuladan özleri ýöräp çykyp, saglyk ýagdaýlarynyň gowudygyny görkezdiler.
NASA-nyň wekili Lori Gleýz bu üstünligi «kosmosy özleşdirmegiň täze başlangyjy» diýip atlandyrdy. Häzirki wagtda ekipaž lukmançylyk barlaglaryndan geçmek üçin Hýustondaky Jonson kosmos merkezine ugradyldy. Indi bütin dünýä 2028-nji ýylda meýilleşdirilýän «Artemis III» missiýasyna — adamzadyň Aýyň ýüzüne täzeden aýak basmagyna garaşýar.