3-nji martda Awstriýada sagçy Awstriýa halk partiýasynyň (AHP) Lideri bolan ýurduň täze Kansleri Kristian Ştoker kasam kabul etdi. Ol saýlawdan bäş aý soň döredilen ilkinji üç partiýaly koalisiýa hökümetine ýolbaşçylyk eder. Bu bileleşik birbada üç partiýanyň – AHP-niň, Sosial-demokratik partiýanyň we liberal NEOS-yň (Täze Awstriýa we Liberal forum) wekillerini öz içine alýar. Ýurduň habar beriş serişdeleri Awstriýanyň liberal partiýasynyň sentýabr aýynda geçirilen saýlawlarda birinji orny eýeläninden soň birleşip bilendiklerini belleýärler.
Hiç wagt Kansler wezipesine dalaşgärlik etmedik 64 ýaşly Ştoker mundan öň ýurduň hökümetinde işlemändi. Sosial-demokratik partiýanyň başlygy Andreas Babler wise-kansler boldy. NEOS-yň lideri Beate Maýnl-Raýzinger daşary işler ministri wezipesini eýeledi.
Geçen ýylyň sentýabr aýynda Awstriýanyň Liberal partiýasy parlament saýlawlarynda 29% ses alyp, ilkinji gezek saýlawlarda ýeňiş gazandy. 26% bilen AHP ikinji orunda, Sosial Demokratik partiýa 21% bilen üçünji orunda gelýär.
Ştoker üç partiýanyň ilkinji gezek ylalaşyk gazanmak synanyşygy başa barmansoň, ýanwar aýynda işinden çekilen öňki Kansler Karl Nehammeriň ýerine geçip, AHP-niň başlygygynyň wezipesini eýeledi.
Öňki aklawçy, Ştoker 2019-njy ýyldan bäri Awstriýanyň parlamentiniň agzasy. Ol 2022-nji ýylyň sentýabr aýyndan bäri partiýanyň baş sekretary bolup işledi. Ştoker 1940-njy ýyllardan bäri bu ýurtda ilkinji üç partiýaly koalisiýa ýolbaşçylyk eder.