“Bio” esasly polimerlerden ýasalan durnukly anod material elektroulaglar üçin çalt zarýad beriş tehnologiýasyny kämilleşdirmäge ýardam eder. Häzirki wagtda elektroulaglaryna zarýad bermek ortaça 40 minut töweregi wagt alýar. Ýaponiýanyň ylym we tehnologiýa institutynyň (JAIST) hünärmenleri ýaňy-ýakynda litiý-ion batareýalarynyň çalt zarýad berilmegine sebäp bolup biljek anod ýasamagy meýilleşdirýärler. Anodlaryň täsirliligini barlamak we has giňden ýaýran grafit bilen deňeşdirmek üçin gözlegçiler birnäçe synag geçirdiler. Mundan başga-da, çydamlylyk synaglary täze batareýalaryň ýokary zarýadda 3000 gezek zarýad berlernden soňra-da asyl kuwwatynyň 90 göterimini saklaýandygyny görkezdi.