Astronomlar kosmos giňişliginde bir ýyldyzyň töwereginde iki sany äpet gaz planetasynyň emele gelşini anykladylar. Bu hadysa täze planetanyň emele gelýändigini görkezýär. «WISPIT 2» atly planetany öwrenýän alymlar gazdan we tozandan emele gelen aýlanýan buludyň içinde bir wagtda iki äpet planetanyň döreýşine syn etdiler. Bu açyş Gün ulgamy bilen bir hatarda planeta ulgamlarynyň nähili emele gelýändigi baradaky iň anyk we gönüden-göni syn ediş hasaplanýar.
Galweý uniwersitetiniň hem-de Leýden obserwatoriýasynyň astronomlary täze planetany synlamak üçin Ýewropa Günorta obserwatoriýasynyň enjamlaryny ulanypdyrlar.
Bu baradaky ylmy makalanyň awtory, Irlandiýanyň Galweý uniwersitetiniň ylmy işgäri Hloýe Lowlor täze açyşyň häzire çenli planetalaryň emele gelşini öwrenmäge degişli iň gowy tejribedigini aýtdy.
Ylmy barlag baradaky makala «The Astrophysical Journal Letters» žurnalynda çap edildi.
PDF









