Täze satyn alnan egin-eşigi ilki ýuwup, soňra geýmelidigi barada dürli pikirler bar. Bilermenleriň pikiriçe, mikroblar we bakteriýalar eginbaşda birnäçe günläp, hatda birnäçe hepdeläp ýaşap bilýär.
2020-nji ýylda geçirilen barlaglarda bakteriýalaryň we wiruslaryň matanyň käbir görnüşinde birnäçe hepdeläp ýaşaýandygy ýüze çykaryldy. Egin-eşik kärhanalarynda nah mata görä, sintetik matalar has köp ulanylýar. Sintetik matalar, esasan, nebit esasly himiki maddalardan, poliester we neýlon ýaly polimerlerden, sintezlenen himiki süýümden öndürilýär. Emeli matalaryň köpüsi azo-anilin (sintetik reňk beriji) boýaglary bilen reňklenýär. Boýalan matalardan bolsa, möwsüme görä dürli-dürli egin-eşikler tikilýär. Dükanlardan satyn alnyp, göni geýilýän egin-eşikler deride gijilewügiň döremegine sebäp bolýar. Aýratyn hem, galyň egin-eşikleri we gara jinsleri ýuwman geýmek deri üçin zyýanly hasaplanýar.
– Men, adatça, täze alan egin-eşigimi geýmezden öň ýuwýaryn. Bu önümçilikde ulanylýan gaýtadan işlenen himiki maddalary, artykmaç boýagy we tikilýän wagty degýän islendik hapany aýyrmaga mümkinçilik berýär. Dokma önümleri köp ýerden we birnäçe ýurtdan geçip, soňra elimize gelýär – diýip, dokma senagaty boýunça hünärmen we mugallym Franses Kozen belleýär.
Adatça, gyş eginbaşlary birnäçe aýlap tekjede durýar. Köpler howanyň sowamagy bilen, ýygnap goýan egin-eşigini tekjeden alýar-da, göni geýýär. Bilermenler köp wagt bäri ýygnalgy duran eginbaşlary ilki ýuwup, soňra geýmegi maslahat berýärler.
PDF









