Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da yzy­gi­der­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän ýur­du­my­zyň ener­ge­ti­ka sy­ýa­sa­ty mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň esa­sy pu­dak­la­ry­nyň bi­ri bo­lan ne­bit­gaz se­na­ga­ty­ny hem­me­ta­rap­la­ýyn ös­dür­mä­ge we onuň hal­ka­ra ener­ge­ti­ka ul­ga­my­na ok­gun­ly go­şu­lyş­ma­gy­ny üp­jün et­mä­ge gö­nük­di­ri­len­dir. Gahryman Arkadagymyzyň bin­ýa­dy­ny go­ýan ener­ge­ti­ka sy­ýa­sa­ty­nyň hormatly Prezidentimiziň baş­tu­tan­ly­gyn­da üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi ne­ti­je­sin­de ýur­du­my­zyň ýan­gyç-ener­ge­ti­ka top­lu­my­nyň äh­li dü­züm­le­rin­de gu­wan­dy­ry­jy ne­ti­je­ler ga­za­nyl­ýar. Ägirt uly gor­la­ry bo­ýun­ça dün­ýä­de öň­dä­ki orun­la­ry eýe­le­ýän «Gal­ky­nyş» gaz kä­ni hä­zir­ki wagt­da ma­wy ýan­gy­jyň iň yg­ty­bar­ly çeş­me­le­ri­niň bi­ri­ne öw­rül­di. Mu­nuň özi te­bi­gy ga­zyň gor­la­ry bo­ýun­ça dün­ýä­de öň­dä­ki orun­da dur­ýan ýur­du­my­zyň hal­ka­ra gi­ňiş­lik­de kuw­wat­ly ener­ge­ti­ka döw­le­ti hök­mün­de eýe­le­ýän or­nu­ny tas­syk­la­ýar. Şun­da ýur­du­my­zyň ug­le­wo­do­rod se­riş­de bin­ýa­dy­ny we ony ne­ti­je­li ulan­ma­gyň müm­kin­çi­lik­le­ri­ni na­za­ra al­mak bi­len, ýan­gyç-ener­ge­ti­ka top­lu­my­ny ös­dür­mek bo­ýun­ça stra­te­gi­ýa dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Bu bol­sa ug­le­wo­do­rod se­riş­de­le­ri­niň ga­zy­lyp alyn­ýan möç­be­ri­ni art­dyr­ma­ga, ener­gi­ýa se­riş­de­le­ri­niň eks­por­ty­ny kö­pu­gur­ly esas­da ös­dür­mä­ge, türk­men ener­gi­ýa se­riş­de­le­ri­ni hal­ka­ra ba­zar­la­ra iber­me­giň yg­ty­bar­ly we dur­nuk­ly ul­gam­la­ry­ny dö­ret­mä­ge giň müm­kin­çi­lik ber­ýär.
Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de ösüş­le­riň be­lent­lik­le­ri­ne ta­rap be­dew ba­dy bi­len ynam­ly ga­dam ur­ýan ýur­du­my­zyň her bir gü­ni ta­ry­hy äh­mi­ýet­li wa­ka­la­ra bes­len­ýär. Ýa­kyn­da «Gal­ky­nyş» gaz kä­nin­dä­ki 285 bel­gi­li ula­nyş gu­ýu­syn­da 4452 metr çuň­luk­da bu­raw iş­le­ri üs­tün­lik­li ge­çi­ri­lip, ne­ti­je­de, ýer as­tyn­da­ky 4412 – 4136 metr ara­lyk­lar­da­ky gat­lak­lar­dan çy­ky­my bir gi­je-gün­diz­de 2 mil­li­on kub metr bo­lan tä­ze te­bi­gy gaz aky­my­nyň alyn­ma­gy hem şan­ly ýy­lyň mö­hüm wa­ka­la­ry­nyň üs­tü­ni ýe­tir­di.
Ýur­du­my­zyň ýan­gyç-ener­ge­ti­ka top­lu­my­nyň äh­li dü­züm­le­ri­niň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy­nyň ber­ki­dil­me­gi ne­ti­je­sin­de bu ugur­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler hä­zir­ki za­man ta­lap­la­ry­na la­ýyk de­re­je­de ös­dü­ril­ýär. «Gal­ky­nyş» gaz kä­ni­niň 285 bel­gi­li ula­nyş gu­ýu­syn­da de­giş­li çuň­luk­lar­dan te­bi­gy ga­zyň aky­my­nyň al­nyp baş­lan­ma­gy-da pu­da­gyň saz­la­şyk­ly ösü­şi­ne gö­nük­di­ri­len stra­te­gi­ýa­nyň aý­dyň ne­ti­je­si­dir.
Hä­zir­ki wagt­da ýan­gyç-energe­ti­ka top­lu­my­nyň öňün­de ug­le­wo­do­rod se­riş­de­le­ri­ni gaý­ta­dan iş­le­mek bo­ýun­ça in­no­wa­si­on önüm­çi­li­gi ke­ma­la ge­tir­mek, ýan­gyç-ener­ge­ti­ka top­lu­my­nyň eks­port kuw­wa­ty­ny di­wer­si­fi­ka­si­ýa ýo­ly bi­len art­dyr­mak, tä­ze ýa­tak­la­ry se­na­gat taý­dan öz­leş­dir­mek, ener­gi­ýa se­riş­de­le­ri­ni iber­mek­de kö­pu­gur­ly tur­ba ge­çi­ri­ji ul­ga­my dö­ret­mek, bu iş­ler­de san­ly teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň, şol san­da 3D we 4D mo­de­lir­le­mek usul­la­ry­nyň ula­ny­lyş ge­ri­mi­ni gi­ňelt­mek ýa­ly wa­jyp we­zi­pe­ler dur­ýar. Ýan­gyç-ener­ge­ti­ka top­lu­my­nyň dü­züm­le­rin­de işi gu­ra­ma­gyň tä­ze­çil usul­la­ry ne­ti­je­li ula­nyl­ýar. Bu bol­sa pu­da­gyň saz­la­şyk­ly ösü­şi­niň üp­jün edil­me­gi­niň esa­sy şert­le­ri­niň bi­ri­dir. Döw­let ener­ge­ti­ka stra­te­gi­ýa­sy­na la­ýyk­lyk­da, Di­ýa­ry­my­zyň ug­le­wo­do­rod müm­kin­çi­lik­le­ri mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň kuw­wat­lan­dy­ryl­ma­gy­na, hal­ky­my­zyň ýa­şa­ýyş-dur­muş de­re­je­si­niň ýo­kar­lan­dy­ryl­ma­gy­na, şeý­le-de se­bi­tiň ýurt­la­ry­nyň halk­la­ry­nyň bäh­bi­di­ne gö­nük­di­ril­ýär. Ýur­du­myz­da te­bi­gy ga­za baý tä­ze ýa­tak­la­ry öz­leş­dir­mek, ug­le­wo­do­rod se­riş­de­le­ri­niň çy­ka­ry­ly­şy­ny art­dyr­mak, gu­ýu­la­ry düýp­li abat­la­mak bo­ýun­ça hem mö­hüm iş­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, «Gal­ky­nyş» gaz kä­nin­dä­ki gaz gu­ýu­la­ry­nyň gör­ke­zi­ji­le­ri, bir ta­rap­dan, öň­de­ba­ry­jy hal­ka­ra önüm ön­dü­ri­ji­le­riň ün­sü­ni özü­ne çek­se, beý­le­ki bir ta­rap­dan, te­bi­gy ga­zy sarp edi­ji döw­let­le­riň hem-de iri ma­ýa­dar­la­ryň çuň­ňur gy­zyk­lan­ma­sy­na eýe bol­ýar.
Ýur­du­myz­da ne­bit ýa­tak­la­ry­ny öz­leş­dir­mek, ola­ryň önüm­çi­lik inf­rast­ruk­tu­ra­sy­ny döw­re­bap­laş­dyr­mak bo­ýun­ça iş­le­riň do­wam et­di­ril­ýän­di­gi­ni, dün­ýä stan­dart­la­ry­na la­ýyk gel­ýän önüm­le­riň möç­ber­le­ri­niň we gör­nüş­le­ri­niň yzy­gi­der­li art­dy­ryl­ýan­dy­gy­ny hem bel­le­mek ge­rek. Ener­gi­ýa se­riş­de­le­ri­ni gaý­ta­dan iş­le­mek pu­da­gyn­da hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mek we tä­ze eko­lo­gik stan­dart­la­ryň çäk­le­rin­de öň­de­ba­ry­jy teh­no­lo­gi­ýa­la­ry alyş­mak, öň­de­ba­ry­jy ýö­ri­te­leş­di­ri­len en­jam­la­ry sa­tyn al­mak üçin ma­ýa­dar­la­ry çek­mek, eko­lo­giýa taý­dan aras­sa önüm­çi­lik­le­ri işe gi­riz­mek Dur­nuk­ly ösüş mak­sat­la­ry­na ýet­mek­de ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ryň bi­ri­dir. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, daş­ky gur­şa­wa ýe­ti­ril­ýän zy­ýa­nyň öňü­ni al­ýan az çyk­da­jy­ly ener­gi­ýa al­mak we­zi­pe­si wa­jyp äh­mi­ýe­te eýe­dir.

Nur­gel­di MU­HAM­MET­KU­LY­ÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.