Russiýanyň çempionatynda “Krasnodar” bilen “Zenitiň” arasyndaky 1 utuklyk aratapawut 29-njy tapgyrda-da saklanyp galdy. “Krasnodar” myhmançylykda “Orenburgy” garşydaşynyň öňe geçendigine garamazdan, Kordobanyň hem-de Olasanyň gollary bilen 2-1 hasabynda ýeňdi. “Zenit” hem myhmançylykda “Rostowdan” Sobolewiň 30-njy minutdaky ýeke-täk goly esasynda 1-0 hasabynda utdy. Şunlukda, çempion 30-njy tapgyrda kesgitlener. “Krasnodar” öz meýdançasynda Moskwanyň “Dinamosyny”, “Zenit” bolsa “Ahmat” toparyny kabul eder. Duşuşyklar şenbe güni 18:30-da başlanar. Ýeri gelende bellesek, “Krasnodar” geçen möwsümde hem iň soňky tapgyrda “Dinamony” 1-0 hasabynda ýeňipdi. Ýöne bu ýeňiş olara çempionlyk üçin ýeterlik bolmandy.

Moskwa derbisinde-de “Lokomotiw” bilen 13 oýundan bäri ýeňilmän gelýän SSKA duşuşyp, oýunda ýeňiş gazanan bolmady.

Orenburg – Krasnodar: 1-2 (Mansilýa 7 – Kordoba 29, Olasa 51),

Himki – Rubin: 3-2 (Zabolotnyý 9, Rudenko 67, 90+2 – Daku 12, 58),

Pari NN – Fakel: 1-1 (Grulew 67 p – Alşin 18),

Krylýa Sowetow – Spartak: 0-2 (Mangaş 22, Solari 42 p),

Ahmat – Dinamo-Mahaçkala: 1-1 (Samorodow 48 – Serderow 36 p),

Dinamo – Akron: 2-1 (Fomin 16, Mahbub 90+1 – Galoýan 80),

Rostow – Zenit: 0-1 (Sobolew 30),

Lokomotiw – SSKA: 2-2 (Worobýew 10, 25 – Guarirapa 47, Kislýak 80)