Şwesiýanyň Malmö şäherinde Malmö bilen Kopengageni birleşdirjek ýerasty geçelge bolan “Öresundsmetron” taslamasyna taýýarlyk görmek üçin ilkinji synag burawlama işleri başlandy. Täze metro şäherleriň arasyndaky syýahatyň wagtyny 40 minutdan 20 minuta çenli azaldar.
Takmynan, 60 milliard kron (5,4 milliard dollar) bahasy bolan taslama 10 ýyldan gowrak wagt bäri işlenip düzülýär. Şwesiýa we Daniýa hökümetlerinden resmi kararyň ýokdugyna garamazdan, tehniki we geologik barlaglar işjeň dowam edýär. Malmö resmileriniň sözlerine görä, burawlama işleri gurluşyk işleri başlamazdan öň töwekgelçilikleri we çykdajylary çaklamak üçin zerurdyr.
Daniýa tarapyndan Kopengagen häkimiýetleri Öresund metrosynyň bir bölegi boljak täze M5 metro geçelgesiniň gurluşygyny tassyklady. Syýasatçylar taslamanyň Kopengageni Malmö bilen baglanyşdyrýan Öresund köprüsiniň ýüküni ýeňletmek üçin zerurdygyny nygtaýarlar, çünki bu ýerde ýük we ýolagçy gatnawlarynyň möçberi barha artýar.
Metronyň bir milliondan gowrak adamdan ybarat täze zähmet bazaryny döretmegine we Şwesiýa bilen Daniýanyň arasyndaky ykdysady we sosial gatnaşyklary berkitmegine garaşylýar. Eger ähli zat meýilnama laýyklykda gitse, geçelgäniň Daniýa bölegi 2036-njy ýyla çenli, Şwesiýa bölegi bolsa birnäçe ýyldan soň tamamlanar.